Awaza – jennetiň ajaýyp künjegi

25 Maý 2021
750

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamy we dynç alyş ýerleri barada gürrüň gozgalsa, ilki Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky deňiz derwezesi bolan Hazar deňzi we onuň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy biygtyýar ýadyňa düşýär. Türkmenistanyň hiç bir ýurduňka meňzemeýän, özboluşly ajaýyp tebigaty, jana şypaly howasy bar. Gözel tebigat türkmen topragyna şeýle eşretleri sahylyk bilen eçilipdir.

Garagum, Köýtendag, Köpetdag, şeýle hem dünýäde iň bir arassa kenar hasaplanýan Hazar deňziniň türkmen kenary Awaza tebigy gözellikleriň, ajaýyplyklaryň iň bir baý ýeridir. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde örän gysga wagtyň içinde bu ýerde kaşaň myhmanhanalar, bejeriş-sagaldyş merkezleri, çagalar dynç alyş merkezleri, kottežler toplumlary peýda boldy. Gurlan binalaryň ählisi hem häzirki zaman ýörelgelerini we türkmen halkynyň milli binägärlik däplerini özünde jemläp, özboluşlylygy, bezeg aýratynlyklary bilen bir-birinden tapawutlanýar.

Aýjemal ALAŞAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.