Bagtyýarlygyň hukuk binýady

24 Maý 2021
686

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda şanly 30 ýyllygynyň baýramy uludan toýlanýan milli Garaşsyzlygymyzyň hil taýdan täze tapgyrynda ýurdumyzda bolup geçýän özgerişler berk hukuk esaslaryna eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler esasynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek iki palataly parlamentiň döredilmegi kanunçykaryjy ulgamyň işini hil taýdan täze derejä çykarmak bilen ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde geçirilýän özgerişleriň berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmäge mümkinçilik berýär, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýäniň syýasy ylmynda we tejribesinde öňe sürlen gymmatlyklar bilen utgaşdyrmak esasynda iň kämil derejede raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini üpjün edýär.

Bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanyň ösüşi ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler bilen häsiýetlendirilýär. Öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basmagy bilen ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, ilatyň durmuş goraglylygyny mundan beýläk-de berkitmek, halkyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli gowulandyrmak, bilimi, ylmy we medeniýeti dünýä derejesine ýetirmek üçin Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli oňyn gazanylanlary netijeli peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredi. Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan parasatly syýasaty netijesinde, häzirkizaman demokratik jemgyýeti kemala geldi. Bu jemgyýetiň esasy gymmatlygy milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, adamdyr we onuň baş maksady adamyň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny, erk-ygtyýarlygyny, hukuklaryny we azatlygyny üpjün etmekdir, baş ýörelgeleri bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir.

Sapargeldi KURTOW,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Akdepe etrap şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.