Bilimli çagalarymyz — nurana geljegimiz

25 Maý 2021
710

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy düzümi boýunça-da, täze tehnologiýalaryň tejribä ornaşdyrylmagy babatda-da ýokary derejelere ýetirilýär. Ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmegi, döwrebap bilim almagy üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär.

Ýaşlarymyza daşary ýurt dillerini öwretmek, dünýägaraýşyny giňeltmek, başarnyklaryny we endiklerini ösdürmek, şol bir wagtda, döwrebap tehnologiýalary öwrenip, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gadam basmaklaryny gazanmak bilim ulgamynyň baş maksadydyr.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Ýunus Emre köçesi. Telefon: 45-07-96; +9936253-38-83