Adam. Jemgyýet. Kanun.

24 Maý 2021
688

Demokratik jemgyýetiň binýady

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kämilleşdirilmegi, milli parlamentde iki palataly ulgama geçilmegi döwletiň we jemgyýetiň häzirki zaman derejesiniň kanun taýdan berkidilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine adamyň, raýatyň hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, kanun çykaryjy edara iki palataly ulgama geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşi kanunçykaryjy häkimiýet bolup, ol iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolup durýar. Halk Maslahaty 56 wekilden ybatardyr. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamagyň tertibi milli kanunçylygyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Konstitusiýanyň 80-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahaty öz düzüminden Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär.