Türkmenmetbugat: gündelik täzelikler bilen dessine tanyş!

23 Maý 2021
812

Häzirki döwürde sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň her bir ilaty ýaşaýan ýa-da iş ýerlerinden belli bir ugra uçarda uçmak ýa-da otluda gitmek üçin degişli edara-kärhanalaryndan online, ýagny, internet arkaly gerekli möhletine petekleri sargyt edip, töleg işlerini geçirip bilýärler. Tehnikanyň we tehnologiýanyň günsaýyn ösmegi netijesinde şular ýaly işleri el öýjükli smartfonlaryň üsti bilen ýörite ýüklenen programmalar arkaly ýerine ýetirip bolýar.

Hawa, internet ulgamynyň has-da kämilleşmegi bilen, indi birnäçe ýyldan bäri watandaşlarymyz söwda işlerini-de online arkaly amala aşyrýarlar. Internet ulgamy şeýle-de programmalaryň hereket etmegi her bir alyjynyň wagtynyň tygşytlanmagyna hem-de günüň dowamyndaky beýleki berjaý edilmeli işleriniň bökdençsiz amala aşyrylmagyna ýardam edýär.

Ogulgözel MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.