Taýçanak toýlarymyzyň bezegi

24 Maý 2021
728

Mähriban Watanymyzyň paýtagty Aşgabat bu gün beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe barýar. Taryh üçin uzak bolmadyk ýyllarda Aşgabat tanalmaz derejede özgerdi we giňedi. Golaýda şanly toýumyzyň öňýanynda Gahryman Arkadagymyzyň çapdan çykan çuň mazmunly «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitaby mähriban halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Kitabyň giriş bölüminde hormatly Prezidentimiziň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragydan söz açyp başlamagy okyjylarda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Alym Arkadagymyz Aşgabadyň dünýäniň ykdysady taýdan ösen, iň owadan şäheridigini nygtaýar. Biziň ýurdumyzyň beýleki şäherleri hem özboluşly gözellige eýedir. Eýsem, Watanymyzyň paýtagty Aşgabat olardan nähili tapawutlanýar? Belent mertebeli Prezidentimiz bu sowala: «Ýurdumyzyň şäherleriniň her biriniň özboluşly gözelligi bar. Paýtagtymyz Aşgabat bolsa, şolardaky gözellikleriň baryny özünde jemleýän şäher» diýip, anyk jogap berýär.

Mähriban halkymyz tarapyndan guwanç bilen garşylanan bu kitabyň «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar» diýen bölüminde ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň, sportuň, aýratyn-da, welosiped sportunyň ösüşi anyk mysallar arkaly giňişleýin beýan edilýär. Uly höwes bilen okalýan bu kitapda okyjylary gyzyklandyrýan täsin maglumatlaryň bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Meni täze doglan taýçanaga at dakylyşy has-da gyzyklandyrdy. Onda hormatly Arkadagymyzyň şeýle sözleri bar: «Biziň milli atşynaslyk ulgamymyzda täze doglan at taýa at dakylanda, onuň atasynyň ady bilen, gysraga at dakylanda bolsa enesiniň ady bilen utgaşdyrmak däbi bar. Adatça, taýçanaga onuň atasynyň ýa enesiniň adynyň birinji harpy bilen başlanýan at dakylýar. Şundan ugur alyp, men Akhanyň adynyň birinji harpy bilen baglanyşdyryp we paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýen at goýdum».

Gurbangeldi HOJADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.