Arkadagyň sungaty sen, Aşgabat

24 Maý 2021
701

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, medeni-ynsanperwer ulgamynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler döwletimiziň kuwwatyny, abraý-mertebesini artdyrýar, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Bu gün bolsa mähriban halkymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uludan baýram edýär.

Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda esasy orun eýeleýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheri şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär, abadanlaşdyrylýar, tapgyrlaýyn esasda täzeden gurulýar. Mähriban halkymyz aýdymda, sazda, halyçylykda, senetçilikde, atşynaslykda bolşy ýaly, bina galdyrmakda, ymarat gurmakda hem taryhda uly yz goýan halk. Gadymy Merwde, Köneürgençde, Dehistanda we beýleki türkmen kentlerinde gurlan köşkler, metjit-medreseler, kerwensaraýlar, minaralar, köprüler, bentler muňa doly şaýatlyk edýär. «Ozal akan ýerinden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, türkmen halkynyň binagärlik sungatyndaky şol milli ýörelgeleri üçünji müňýyllygyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen täze mazmuna eýe bolýar. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, gözel paýtagtymyz Aşgabatda gurlup ulanylmaga berilýän desgalar bu hakykaty äleme äşgär edýär.

Döwran ÝALKANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.