Ýürek mähri siňen sungat

24 Maý 2021
666

Ata Watanymyzyň üstünden ýoly düşen, orta asyrlarda ýaşap geçen daşary ýurtly jahankeşdeleriň galdyran maglumatlarynda türkmen zenany eli çeperligiň, päk ahlaklylygyň, ýüregi mähir-muhabbetliligiň, nusgawy edep-ekramyň, zähmetsöýerligiň belent nusgasy hökmünde suratlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly baradaky ýazgylary okanymyzda, ýürek mährinden, kalbynyň yhlasyndan dörän el işlerini synlanymyzda eden işi nusgalyk bu nurana zenanda türkmen enelerine mahsus bolan ähli ajaýyp häsiýet aýratynlyklaryň jemlenendigine doly göz ýetirýäris.

Türkmen zenanynyň işeňňirlik, öňdengörüjilik, asyllylyk bilen sadadan sypaýy el işlerini döredýändigi üçin dünýäniň ýüzünde mertebesi belentdir, şan-şöhraty daglar aşýandyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlarynyň on barmagyndan sünnälenip çykýan el işlerine dünýä haýrandyr. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejemiziň ýaşaýşa söýgüsiniň, belent tutanýerliliginiň, zähmetsöýerliginiň miwesi bolan el işlerine syn edenimizde göwnümiz galkynyp, kalbymyza ýakymly duýgular aralaşýar. Çünki üstünden ýarym asyr wagt geçse-de, asyl durkuny we reňk öwüşginliligini ýitirmän saklanan el işlerini ýerine ýetirmek üçin ägirt uly ussatlygyň, çeperçiligiň, hünäre, milliligimize bolan egsilmez söýginiň zerurdygy hakykatdyr.

Aýjeren TAGANDURDYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.