"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda 1-nji madda. Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmeli.

Ýagşy ýörelgeler — ýagty geljege

Biziň halkymyz ynsanperwerligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi ömrüniň manysy hasaplaýar. Ýaş nesillere ylym-bilim, edep-terbiýe hem hut şu ýörelgeleriň esasynda berilýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda öz mähriban pederini hormat bilen ýatlap: «Kakam her bir adamyň baş wezipesiniň, ömrüniň manysynyň adamlar üçin haýyr işleri etmekdedigi barada aýdardy» diýýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin zerur bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetler adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, adamkärçilik häsiýetlerine eýermäge çagyrýar. Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek hem pederlerimiziň iň naýbaşy ýörelgeleriniň biridir. Täze taryhy eýýamda bu ynsanperwer ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede üstünlikli ösdürilýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny aýratyn bellemek gerek.

Milletleriň mertebe münberinde

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Munuň şeýledigini ýakynda geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdanymyzda bolsa, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy nazarynda garalýandygyny belle

Geňeşli ýollar — güneşli ýollar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdy we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrundaky alyp barýan döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik ideologiýasy bilen has-da berkidilýär. Biz munuň şeýledigine ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen, döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda il-ýurt bähbitli kararlaryň, Watanymyzyň geljekki ösüşlerini nazarlaýan çözgütleriň birnäçesi kabul edildi.

Nesillere nusgalyk ömür

Wagt 01 sagat 12 minut... Berdimuhamet näme bolup geçenini aňşyryp ýetişmedi. Jaýyň ara oklarynyň kerpiçleri üstüne güpürdäp gaýtdy. Gapdaldaky penjiräniň aýnalary çym-pytrak bolup dargady. Kerpiçleriň aşagynda galan mugallym kellesiniň erbet agyrysyndan ýaňa huşuny az salymlyk ýitirdi...

Zähmete sarpa

Gülşat MÄMMEDOWA,Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň çäklerindäki şanly wakalar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşynda mäkäm jebisdigini, bitewüdigini ýene bir gezek aýdyň tassyklady. Il-halkymyzyň ýürek sesi bilen hormatly Prezidentimize «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylyp, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy hemmämizi buýsandyrdy. Biz hormatly Prezidentimizi bu belent mertebeli ada mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Arhiw — aýawlylyk ojagy

Jemgyýetiň ruhy binýady bolan arhiwler ýurdumyzyň geçmişini öwrenýän, şu gününi kämilleşdirýän, geljegini nurlandyrýan halkyň resminama mirasynyň we durmuş tejribesiniň iňňän gymmatly genji-hazynasydyr. Jemgyýetimizi ruhy-ahlak taýdan galkyndyrmakda, Watanymyzy ylmy taýdan ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, medeniýetimizi ösdürmekde, ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk mekdep bolan, taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň ömri-döredijiligini we durmuş ýollaryny öwrenmekde arhiwleriň belli bahasy ýokdur. Hut şonuň üçin ýurdumyzyň arhiw edaralary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalandyr.

Ýaş şäheriň gojasy

Ýaşulusyna geňeş salyp, olary sylap, nesillere görelde bolup gelen türkmen halky zandy edepli diýilýänlerden. Maşgala, jemgyýetçilik gatnaşyklarynda uly orun degişli bolan ýaşuly nesliň wekillerine şu günki ýaş nesliň hem sarpasy uludyr. Çünki ýaşulular görüm-görelde mekdebidir. Aýdymda «Ýaşlaryň arasynda garrylar gerek» diýilmesi hem ýöne ýerden däl. Eşretli zamanyň hözirini görüp ýaşaýan togsany erňekläberen Şamyrat Nazarow hem Arkadag şäheriniň iň ýaşy uly ýaşaýjysy. Tüweleme, dört ogul, alty gyzy il hataryna goşan Şamyrat aganyň kyrk üç agtygy, ýetmiş dört çowlugy bar. — Şamyrat aga, ýurt garşy alsyn!

Şahyryň şygyrlarynda — saglyk

Saglyk — ynsan başynyň täji. Şonuň üçinem il arasynda «Saglyk — baýlyk» diýen manysy çuň jümle bar. Juda jaýdar aýdylan bu jümle ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Eýsem, ynsan üçin şeýle gymmatly bolan baýlygy nähili goramaly, neneňsi aýamaly?! Bu sowalyň jogabyny Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly şygyrlaryndan tapmak mümkin. Dana şahyr öz şygyr setirlerinde ynsanyň ähli zatda öz çakyny bilip, saglygyna örän aýawly çemeleşmelidigini ussatlyk bilen ündeýär.

«Dialog — parahatçylygyň kepili»

Şeýle at bilen 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Bilim, Daşary işler ministrlikleriniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara ýaşlar forumy geçirildi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, ýaşlar guramalary we bilim edaralary bu halkara forumyň hyzmatdaşlary hökmünde çykyş etdiler. Halkara foruma gatnaşyjylar, ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň eýwanynda görkezilen bezeg we amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar. 4 sessiýadan ybarat bolan forumda ýaşlaryň halkara giňişlikdäki tutýan orny hakda gürrüň edildi.

Döwletiň döwletlilik ýörelgesi bilen

Öňňin Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen geljege tarap» ady bilen geçen bu maslahat ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütler we kararlar bilen bagly hoşallyk çykyşlaryny öz içine aldy. Dabaraly maslahata Arkadag şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň, saglyk we bilim edaralarynyň işgärleri, şeýle-de il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilen bu döwletli çäräniň, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini nazarlaýandygy we onda kabul edilen çözgütleriň döwletiň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendigi hakynda nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn Aý» hormat nyşany bilen sylaglanmagy hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada eýe bolmagy baradaky çykyşlar hem tutuşlygyna buýsançly duýgulara beslendi.

Arkadag şäheri — bagtyň şäheri!

Bina galdyrmagyň kändir sogaby,Saňa bolsun ýüregimiň togaby!Bu ne şäher? Tapdym oňa jogaby:Arkadag şäheri — bagtyň şäheri! Anbar ysly güllere bak, güllere,Öz dilinde bir zat diýýän ýellere!Dogaýy söz aýdym boldy dillere —Arkadag şäheri — bagtyň şäheri!

Ýeňiş yzyna ýeňiş

Golaýda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň esasy duşuşygy geçirildi. Bu tapgyrda şu wagta çenli ýeňşi saklap gelýän «Arkadag» topary ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Ahalyň» gonagy boldy. Gollara baý bolan duşuşykda «Arkadag» topary ýeňiji boldy. Hasap: 2-3. Edil şonuň ýaly, 27-nji sentýabrda «Arkadag» futbol toparynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň ýarym finalynyň birinji duşuşygy hem geçirildi. Onda Arkadag şäheriniň adybir topary myhmançylykda «Altyn Asyr» topary bilen oýnady. Netijede, 4:1 hasabynda üstünlik gazanan topar bäsleşigiň finalyna çykmak mümkinçiligini ýokarlandyrdy.

Ýaşululary hormatlap

Ýaşulularyň halkara gününde Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «Ýaşulular ýaşlaryň görelde mekdebidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň, şeýle-de şäherde hereket edýän jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen bu maslahata täze şäherde ýaşaýan il sylagly ýaşulular hem gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň esasy mazmunyny ýurdumyzda ýaşuly nesle goýulýan sarpa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda alyp barýan işleri hakdaky çykyşlar düzdi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda il sylagly ýaşululara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Deputatlaryň gezelenji

Ýakynda ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň Arkadag şäherine eden gezelenji Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri wagyz etmek çäresi bilen berk bagly boldy. Deputatlar şäheriň Bagt köşgüne, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna, Ruhyýet köşgüne, köpugurly hassahanasyna, şeýle-de Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine baryp gördüler. Gezelenjiň dowamynda ýurdumyzyň ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri bilen bagly täsirli gürrüňler edildi.

Ýagşy ýoldaş

Ýollar hemişe uzak we gyzykly. Her gezek ýola düşenimde nämedir bir täsinlige ýa-da juda täsirli bir zadyň şaýady bolýaryn. Häzirem ýolda. Howa bolsa bulaşyk. Günbatardan garalyp gelýän ýel üst-başymyzy eýýäm gara kirşen edip ugrady. Uly ýoluň gyrasy. Oba ýeriniň duralgasy. Gapdalymda iki sany agtyjagyny ýanyna alyp, nireleredir bir ýerlere ýola rowana bolan daýza otyr. Edil şol mahalam, nireden gelenini bildirmän bir goja duralganyň yk tarapyna biziň duran ýerimize geldi. Dili dogalydygy, kalbynda Haka bolan söýgüsiniň püre-pürlügi nurana ýüzünden bildirip dur. Salam berdim. Aleýik edip, geçip oturdy. Onuň salamdan soňky sözi awtobus geçendigini, geçmändigini bilmek boldy. Bizem onuň sorag bererine mähetdel ýaly, sözüni soňlamanka jogap berdik. — Heniz gelenok.

Adaty nar

Türkmen halk lukmançylygynda (Magtymguly, Baharly we Gökdepe etraplary) naryň dürli bölekleri bilen keselleri bejermek giňden ýaýbaňlanandyr. Naryň owradylan kökleri teniň güýçli möjükmesinde, damarlaryň süýnmesinde çykmalarda we süňkleriň döwülmesinde agyryny aýryjy bolup hyzmat edýär. Daragtyň gabygy soguljan kesellerinde ulanylýar. Gülleri we miweýanlary gamaşdyryjy we sowuklamanyň garşysyna täsirli. Miweleriniň gabygy enteritleri, başly kolitleri, babasyly bejermekde, içgeçmede, ganly içgeçmede, aşgazanyň we içegeleriň sowuklamasynda oňat gamaşdyryjy we sowuklamanyň garşysyna serişde hökmünde ulanylýar. Miweleri we şiresi gijilewükde, tultuklykda, sarygetirmede, ýürek çalt urmasynda, döş yzalarynda, garamükrüde, aterosklerozda, ganazlykda, işdäň kesilende, şeýle-de peşew we öt çykaryjy, sedatiw, sowuklamanyň garşysyna, gany arassalaýjy, witaminli we pugtalandyryjy hem-de aşgazanyň işjeňlik ukybyny pugtalandyryjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Tohumy täze görnüşinde diareýada, ýiti respirator ýokançlarynda, gan gusmada; gülälek bilen garylyp gowurlany — içgeçmede, ganly içgeçmede, üsgülewükde ulanylýar. Ary baly bilen garylyp ýasalan melhemi paronihiýada, howply başlarda, diş agyryda, gulak we burun kesellerinde peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, täzeçil başlangyçlary öňe sürüp, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizi depginli ösdürmekde, ösüşiň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmekde, ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda, täze taryhy döwürde mähriban Watanymyzyň keşbiniň tanalmaz derejä ýetmegini üpjün edýän oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgelere laýyklykda ýaşuly nesle hormat goýmakda, ýaşlary Watana söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlary bilen Watanymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmakda, täze döwrüň oýlanyşykly ýörelgesini dowam edip, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünini berkitmekde bitiren hyzmatlary, Watanymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini artdyrmakda alyp barýan yzygiderli, maksada okgunly işleri üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň baýramçylygy mynas

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!Gadyrly myhmanlar!Hanymlar we jenaplar!