Döwletiň döwletlilik ýörelgesi bilen

4 Oktýabr 2023
462

Öňňin Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen geljege tarap» ady bilen geçen bu maslahat ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütler we kararlar bilen bagly hoşallyk çykyşlaryny öz içine aldy.

Dabaraly maslahata Arkadag şäherinde hereket edýän jemgyýetçilik guramalarynyň, saglyk we bilim edaralarynyň işgärleri, şeýle-de il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda geçirilen bu döwletli çäräniň, ilkinji nobatda, halkyň bähbidini nazarlaýandygy we onda kabul edilen çözgütleriň döwletiň her bir raýatynyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilendigi hakynda nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň «Altyn Aý» hormat nyşany bilen sylaglanmagy hem-de Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada eýe bolmagy baradaky çykyşlar hem tutuşlygyna buýsançly duýgulara beslendi.

Aýgül GARAÝEWA.
«Arkadag». Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.