Jemgyýetiň ruhy binýady bolan arhiwler ýurdumyzyň geçmişini öwrenýän, şu gününi kämilleşdirýän, geljegini nurlandyrýan halkyň resminama mirasynyň we durmuş tejribesiniň iňňän gymmatly genji-hazynasydyr.
Jemgyýetimizi ruhy-ahlak taýdan galkyndyrmakda, Watanymyzy ylmy taýdan ösdürmekde, medeni mirasymyzy öwrenmekde, medeniýetimizi ösdürmekde, ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk mekdep bolan, taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň ömri-döredijiligini we durmuş ýollaryny öwrenmekde arhiwleriň belli bahasy ýokdur. Hut şonuň üçin ýurdumyzyň arhiw edaralary döwlet tarapyndan aýratyn alada bilen gurşalandyr.