Şahyryň şygyrlarynda — saglyk

4 Oktýabr 2023
912

Saglyk — ynsan başynyň täji. Şonuň üçinem il arasynda «Saglyk — baýlyk» diýen manysy çuň jümle bar. Juda jaýdar aýdylan bu jümle ähli döwürlerde-de öz gymmatyny ýitirmän gelýär.

Eýsem, ynsan üçin şeýle gymmatly bolan baýlygy nähili goramaly, neneňsi aýamaly?! Bu sowalyň jogabyny Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly şygyrlaryndan tapmak mümkin. Dana şahyr öz şygyr setirlerinde ynsanyň ähli zatda öz çakyny bilip, saglygyna örän aýawly çemeleşmelidigini ussatlyk bilen ündeýär.

Aýnabat IŞANGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.