Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen köptaraply, oňyn strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň geçen 31 ýylynda bu abraýly gurama bilen bilelikde durmuşa geçirilen uly göwrümli taslamalar, ýetilen sepgitler Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginde derwaýys meselelere öz wagtynda mynasyp çözgütleri hödürleýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Munuň şeýledigini ýakynda geçen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça sazlaşykly çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, sebit hem-de halkara derejede 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşant goşýar. Ýurdumyz dünýäniň syýasy, ykdysady we hukuk giňişligine goşulyşmak bilen, tutuş adamzadyň bähbidine özüniň baý döredijilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýar. BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň işine gatnaşmagynyň ähmiýeti barada aýdanymyzda bolsa, muňa Milletler Bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde yzygiderli işiň dowamy nazarynda garalýandygyny bellemek gerek.