"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Arkadag» medalynyň eýeleri

Mälikguly SOLTANOW, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň köpugurly hassahanasynyň trawmatologiýa bölüminiň müdiri: —Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda «Arkadag» medalynyň gowşurylmagy biziň başymyzy gök diretdi. Munuň özi mundan beýläk-de has-da hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bu belent sylag üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň atalyk aladasy bilen mümkinçilikleri çäkli we näsag çagalaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça köp işler durmuşa geçirilýär. Gaznanyň hasabyna Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda birnäçe çagalara Pemberton usulynda ýerli lukmanlarymyz tarapyndan operatiw bejergiler üstünlikli geçirildi. Bu günki gün gaznanyň hasabyna geçirilen ýüzden gowrak operasiýalar, barlaglar, hassahanalara sowgat edilen lukmançylyk enjamlary çagajyklaryň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, bagtyýar oýnap-gülmegine mümkinçilik döretdi. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň, akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ady hem-de alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz ba

«Şu Diýardyr owal-ahyr yşkymyz»

Watan ähli ynsan üçin dil ýetmez, şek ýetmez mukaddeslikdir. Watan topragynyň birje gysymy watansöýüji ynsanyň şirin janyna deňdir. Şol sebäpden hem ata Watanymyzyň goýnunda gurlan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän Arkadag şäheri ýurda yşky gözünde, göwnünde, ömründe görnen Watan goragçylary üçin hem aýratyn gadyr-gymmatly şäherdir. Bu şäher Ýer ýüzüni haýran eden gadymy oguz mesgeniniň taryhy künjeginde, ady rowaýata öwrülen şahsyýetlerimizi, Watanyň wepaly ogullaryny dünýä beren müdimi topragyň degresinde watançylygyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan kemal tapdy.

Pähim-paýhas ummanyny gulaçlap

Ussat şahyr Gara Seýitliýewiň: Ýüreklere ýürek sözün dolduran,Dür söz bilen dünýä özün aldyran,Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez,Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz

Bedew batly şäherde

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde Ynsan kalby elmydama gözellige teşne. Bedew bady bilen öňe barýan, taýsyz gözelligi bilen älemi haýrana goýýan ajaýyp ýurdumyzyň «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheri hem şol teşne kalplary gandyryjy naýbaşy gözellik çeşmeleriniň biridir.

Watan gyzyna

(Saçly Dursunowa bagyşlanýar) Ýatlap Saçly Dursunowa ägirdi,Diýýäs: «Lukman Ibn Sinaň şägirdi!»

Baş maksat — baş baýlygyň goragy

Ýurdumyzda lukmançylyk hünärli ýaşlary ýetişdirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri okuw maksatnamalaryna, meýilnamalaryna ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda öz işine başlap, ilkinji talyplaryny kabul eden Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi hem hut şeýle yhlas-tagallalaryň netijesinde bina bolan bilim ojagydyr. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň binalar toplumynda halkara ülňülere laýyk gelýän simulýasiýa bölümi döwrebap fantomlar, mulýažlar we görkezme esbaplar bilen üpjün edilen. Onda talyplara öz saýlap alan hünärine degişli amaly endiklerini özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilendir.

Akper RAHIMOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, Saçly Dursunowanyň çowlugy:

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni durmuşymyzda iň bir ýatdan çykmajak bagtly günleriň biri boldy. Şol gün garry mamam Saçly Dursunowanyň adyny göterýän lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy, meniň hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby bolmagym biziň maşgalamyzyň begenjini, buýsanjyny artdyrdy. Saçly Dursunowanyň lukmançylyk ylmynyň ösmegi ugrunda eden işleri, uruş ýyllarynda görkezen gahrymançylygy dogrusynda ejem Selbi Rahymowa, mamam Anna Çerkezowa köp zatlary gürrüň berdiler. Garry mamamyň ýatlama suratlary, döwlet we harby sylaglary, ordendir medallary, lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmekde taýýarlan ylmy işleri Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde döredilen muzeýde goýuldy. Nesip bolsa, bu lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde halkymyzyň saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirjek ýokary derejeli saglygy goraýyş işgärleri taýýarlanyp ýetişdiriler.

Halkyň guran baky beýik binasy

Taryhy toprakda gurlan Arkadag şäheriniň binagärlik keşbi sungatyň çeper sazlaşygyny emele getirýär. Bu sazlaşyk ak mermerden örtülen, altynsow bezegli, zerewşan kimin lowurdaýan şäheriň dabarasyny has-da artdyrýar. Arkadag şäherindäki dürli pudaklara degişli bolan desgalar binagärlik sungatynyň täze gazananlary bilen bir hatarda, milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däplerini özünde jemleýär. Gurlan her bir desganyň binagärlik taýdan gözelligi, daşky keşbiniň halkymyzyň arzuw-isleglerine kybap gelmegi, dakylan adynyň aňladýan manysyna görä hem döwrebap bolmagy arhitekturanyň esasy şertidir.

Wenadan gelen owaz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň nyşany bolan ajaýyp Arkadag şäheri bu gün diňe bir ýurt möçberinde däl, eýsem, dünýä dahylly halkara syýasy we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülýär. Sebitde ýeke-täk «akylly» şäher derejesine eýe bolan täze şäherde dek düýn agşam geçirilen Wena baly hem şeýle möhüm wakalaryň biri bolmak bilen, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp nyşanyny alamatlandyrdy. Wena baly, indi biziň ýurdumyzda bäşinji gezek geçirilýär. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bu gün türkmen-awstriýa dostlugynyň özboluşly köprüsine öwrüldi. Bu ýylky Wena baly Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag Binasynyň» töweregini gurşap oturan giň meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr. Bu ýurtda her ýyl 450-den gowrak bal geçirilýär.

Abraýly orun bilen

Işanmyrat ATAÝEW,Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň baş hünärmeni: — Halkara ýaryşlarda döwletiň Tuguny belentde parlatmak her bir türgeniň arzuwy bolsa gerek. Meniň hem esasy arzuwym şol. 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde XIX Aziýa oýunlary geçirildi. Yklymyň iri ýaryşynda türkmen türgenleri netijeli çykyş etdiler. Maňa hem şol ýaryşyň bürünç medalçysy bolmak nesip etdi. Arkadag şäherine wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşup bilenime begenýärin. Şu gezekki Aziýa oýunlarynda 90 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldum. Nesip bolsa, noýabr aýynda Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Şonda üstünlikli çykyş etmek — esasy maksadymyz. «Öz öýüňde» çykyş etmegiň artykmaç taraplary köp. Esasan hem janköýerleriň goldawy, ynamy seni ruhlandyrýar. Ýöne özüňe bildirilen ynama mynasyp bolmagam uly jogapkärçilik. Şonuň üçin dünýä çempionatyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň halypalygynda ykjam taýýarlyk görýärin. Şu çempionatda hem ýeňişlerim bilen ýurduma abraý getirmek üçin zehinimi gaýgyrmaryn.

Eli hikmetli hekim

Hawa, gum obalarynyň birinde maly çöle sygmaýan bir gurply adam bar eken. Ol gül ýaly durmuşda ýaşapdyr. Ýöne käteler ykbal duýdansyz ýerden synaga goýýar. Bir günem onuň ýeke perzendi derde sataşýar-da, düşege baglanyp ýatyberýär. Ýaňky baý näderini bilmän, öz töwereklerinde bir tebip bar bolsa, olary çagyrdyp getirdýär. Tebipler hassany gözden geçirýärler, oňa em edýärler. Oglan birbada gowulanan ýaly hem edýär-de, ýene öňki kaddyna gelýär. «Eý, Allam, munuň bir alajy tapylmazmyka?!» diýip, pikir eden baý näderini bilmän otyrka, oňa biri Lukman hekimi tapmagy maslahat berýär. Baý onuň maslahatyna begenýär. Tizara iň ýyndam atlaryny goşup, meşhur alymyň yzyndan adamlaryny ugradýar. Aradan birnäçe wagt geçýär. Oglanyň haly has agyrlaşýar. Adamlar: «Lukman hekim ýöne adam däl, ol hassany beýle ýagdaýda galdyrmaýar. Enşalla, Allanyň eradasy bilen ogluňyz dertden saplanar. Lukman Hekimiň eline düşen hassalar sagalyp, dünýä ýaňadan gaýdyp gelýärler» diýip, baýy köşeşdirýärler. Baýyň hem gözi ýolda diýýär. Ahyry günleriň birinde bularyň oýuna «şol meşhur lukman gelýärmiş» diýen habar ýaýraýar. Lukman gelenden, baý:

Pederleriň ruhuna tagzym

6-njy oktýabrda Hatyra güni mynasybetli Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Pederleriň ruhuna tagzym» atly çäre geçirildi. Şäher häkimliginiň işgärleriniň, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçen bu çäräniň barşynda okuw binasynyň girelgesinde ýerleşdirilen halypa mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desseleri goýlup, onuň ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary özünde saklaýan muzeýe gezelenç edildi. * * *

Sport — ruhubelentlik

Ýakynda Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde şäheriň Köpugurly sport toplumynda geçiren sport çäresi örän gyzgalaňly geçdi. Köpçülikleýin bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek bilen başlanan sport çäresinde türgenler woleýbol, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça özara bäsleşdiler. Ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan sporta hem sagdynlyga berilýän uly ünsüň nyşany bolan bu sport çäresiniň ahyrynda ýeňijilere hormat hatlary we ýörite sylaglar gowşuryldy.

Hünär baýramyna bagyşlandy

Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» ady bilen şepagat uýalarynyň amaly iş maslahaty geçirildi. Oňa BSGG, ÝUNFPA ýaly halkara guramalara wekilçilik edýän şepagat uýalary hem gatnaşdylar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilen bu maslahatda şepagat uýalary, ýurdumyzyň lukmançylyk pudagynda ýetilen sepgitlere we öz alyp barýan ugurlary boýunça gazanylan tejribelere esaslanyp çykyş etdiler.

Bagtyýarlygyň ýurdunda

Öňňin Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy» atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşly sözler, lukmanlaryň hünär baýramy mynasybetli gutlaglar çykyşlaryň esasy mazmunyny düzdi. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary maslahata gatnaşanlara ruhubelentlik paýlady.

Ylymlar dünýäsinde

Düýn Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde «Ýaşlaryň başlangyçlary: innowasion ykdysady ösüşlere badalga» atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Ýaş alymlar merkeziniň bilelikde guran bu çäresinde ýaş alymlaryň çykyşlary özleriniň taýýarlan ylmy açyşlara esas boljak teklipleri bilen bagly boldy.

Wena balyna gutlag

Iki ýyl arakesmeden soňra dünýä saz sungatynyň paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşyp, ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. «Nusgawy sazyň Wena döwri» diýip atlandyrylýan zamanynda Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlar bu şäherden ylhamlanyp dünýä belli sazlaryny döretdiler.Awstriýanyň paýtagty Wena bal däpleriniň hem-de tansyň halkara paýtagty hökmünde-de meşhurdyr. Bütin dünýäde adamlar täze ýyly meşhur «Mawy Dunaý» walsy we Ştrauslar neberesiniň döreden sazlary bilen garşylaýarlar. Wenanyň gaýtalanmajak ruhy siňen ajaýyp sazlar we özboluşly dessurlar Wena balyny dünýä möçberindäki iri halkara çäresine öwürdi. Wena şäheri başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballary arkaly durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny dünýä ýüzi bilen paýlaşýar. Aşgabatdaky myhmanlarymyz ýene-de Wena opera balynyň tans etmäge çagyryşy bolan «Alles Walser!» sözlerini eşidip bilerler.Türkmenistandaky Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar. Şuny göz öňünde tutup, dabarany guraýjylara uly üstünlikleri, oňa gatnaşyjylara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de Wena walsynyň jadylaýjy täsiri astynda Wenanyň gaýtalanmajak täsin dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.Mihael LÝUDWIG,Wenanyň meri we gubernatory.

Oba hojalygy: möwsümleýin işler ileri

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlarda bugdaý ekişiniň alnyp barlyşy, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda hasabatlar diňlenildi.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy! Ilkinji nobatda, Sizi Berlin şäherinde «Merkezi Aziýa — Germaniýa» görnüşiniň çäklerindäki duşuşyklaryňyzyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli gutlamaga rugsat ediň!

Merkezi Aziýa — Germaniýa: dostlukly gatnaşyklar berkidilýär

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 28-29-njy sentýabrda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidentiniň başlyklyk etmeginde işewürlik ertirlik nahary görnüşinde geçirilen duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyz duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň täze köptaraplaýyn formaty döretmek başlangyjyny goldaýandygyny hem-de umumy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny belledi.