Ýurdumyzda lukmançylyk hünärli ýaşlary ýetişdirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri okuw maksatnamalaryna, meýilnamalaryna ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda öz işine başlap, ilkinji talyplaryny kabul eden Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi hem hut şeýle yhlas-tagallalaryň netijesinde bina bolan bilim ojagydyr.
Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň binalar toplumynda halkara ülňülere laýyk gelýän simulýasiýa bölümi döwrebap fantomlar, mulýažlar we görkezme esbaplar bilen üpjün edilen. Onda talyplara öz saýlap alan hünärine degişli amaly endiklerini özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilendir.