Abraýly orun bilen

11 Oktýabr 2023
495

Işanmyrat ATAÝEW,
Arkadag şäheriniň Bedenterbiýe we sport müdirliginiň baş hünärmeni:

— Halkara ýaryşlarda döwletiň Tuguny belentde parlatmak her bir türgeniň arzuwy bolsa gerek. Meniň hem esasy arzuwym şol. 23-nji sentýabrdan 8-nji oktýabr aralygynda Hytaýyň Hançžou şäherinde XIX Aziýa oýunlary geçirildi. Yklymyň iri ýaryşynda türkmen türgenleri netijeli çykyş etdiler. Maňa hem şol ýaryşyň bürünç medalçysy bolmak nesip etdi. Arkadag şäherine wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport abraýyna abraý goşup bilenime begenýärin. Şu gezekki Aziýa oýunlarynda 90 kilogram agramda çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldum. Nesip bolsa, noýabr aýynda Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionaty geçirilýär. Şonda üstünlikli çykyş etmek — esasy maksadymyz. «Öz öýüňde» çykyş etmegiň artykmaç taraplary köp. Esasan hem janköýerleriň goldawy, ynamy seni ruhlandyrýar. Ýöne özüňe bildirilen ynama mynasyp bolmagam uly jogapkärçilik. Şonuň üçin dünýä çempionatyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň halypalygynda ykjam taýýarlyk görýärin. Şu çempionatda hem ýeňişlerim bilen ýurduma abraý getirmek üçin zehinimi gaýgyrmaryn.

Ýazga geçiren Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».