Eli hikmetli hekim

11 Oktýabr 2023
466

Hawa, gum obalarynyň birinde maly çöle sygmaýan bir gurply adam bar eken. Ol gül ýaly durmuşda ýaşapdyr. Ýöne käteler ykbal duýdansyz ýerden synaga goýýar. Bir günem onuň ýeke perzendi derde sataşýar-da, düşege baglanyp ýatyberýär. Ýaňky baý näderini bilmän, öz töwereklerinde bir tebip bar bolsa, olary çagyrdyp getirdýär. Tebipler hassany gözden geçirýärler, oňa em edýärler. Oglan birbada gowulanan ýaly hem edýär-de, ýene öňki kaddyna gelýär. «Eý, Allam, munuň bir alajy tapylmazmyka?!» diýip, pikir eden baý näderini bilmän otyrka, oňa biri Lukman hekimi tapmagy maslahat berýär. Baý onuň maslahatyna begenýär. Tizara iň ýyndam atlaryny goşup, meşhur alymyň yzyndan adamlaryny ugradýar. Aradan birnäçe wagt geçýär. Oglanyň haly has agyrlaşýar. Adamlar: «Lukman hekim ýöne adam däl, ol hassany beýle ýagdaýda galdyrmaýar. Enşalla, Allanyň eradasy bilen ogluňyz dertden saplanar. Lukman Hekimiň eline düşen hassalar sagalyp, dünýä ýaňadan gaýdyp gelýärler» diýip, baýy köşeşdirýärler.

Baýyň hem gözi ýolda diýýär. Ahyry günleriň birinde bularyň oýuna «şol meşhur lukman gelýärmiş» diýen habar ýaýraýar. Lukman gelenden, baý: