«Şu Diýardyr owal-ahyr yşkymyz»

11 Oktýabr 2023
571

Watan ähli ynsan üçin dil ýetmez, şek ýetmez mukaddeslikdir. Watan topragynyň birje gysymy watansöýüji ynsanyň şirin janyna deňdir. Şol sebäpden hem ata Watanymyzyň goýnunda gurlan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän Arkadag şäheri ýurda yşky gözünde, göwnünde, ömründe görnen Watan goragçylary üçin hem aýratyn gadyr-gymmatly şäherdir.

Bu şäher Ýer ýüzüni haýran eden gadymy oguz mesgeniniň taryhy künjeginde, ady rowaýata öwrülen şahsyýetlerimizi, Watanyň wepaly ogullaryny dünýä beren müdimi topragyň degresinde watançylygyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyndan kemal tapdy.

Rüstem BALDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Ahal welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.