Türkmen halk lukmançylygynda (Magtymguly, Baharly we Gökdepe etraplary) naryň dürli bölekleri bilen keselleri bejermek giňden ýaýbaňlanandyr. Naryň owradylan kökleri teniň güýçli möjükmesinde, damarlaryň süýnmesinde çykmalarda we süňkleriň döwülmesinde agyryny aýryjy bolup hyzmat edýär. Daragtyň gabygy soguljan kesellerinde ulanylýar. Gülleri we miweýanlary gamaşdyryjy we sowuklamanyň garşysyna täsirli. Miweleriniň gabygy enteritleri, başly kolitleri, babasyly bejermekde, içgeçmede, ganly içgeçmede, aşgazanyň we içegeleriň sowuklamasynda oňat gamaşdyryjy we sowuklamanyň garşysyna serişde hökmünde ulanylýar. Miweleri we şiresi gijilewükde, tultuklykda, sarygetirmede, ýürek çalt urmasynda, döş yzalarynda, garamükrüde, aterosklerozda, ganazlykda, işdäň kesilende, şeýle-de peşew we öt çykaryjy, sedatiw, sowuklamanyň garşysyna, gany arassalaýjy, witaminli we pugtalandyryjy hem-de aşgazanyň işjeňlik ukybyny pugtalandyryjy serişde hökmünde peýdalanylýar. Tohumy täze görnüşinde diareýada, ýiti respirator ýokançlarynda, gan gusmada; gülälek bilen garylyp gowurlany — içgeçmede, ganly içgeçmede, üsgülewükde ulanylýar. Ary baly bilen garylyp ýasalan melhemi paronihiýada, howply başlarda, diş agyryda, gulak we burun kesellerinde peýdalanylýar.