Ýollar hemişe uzak we gyzykly. Her gezek ýola düşenimde nämedir bir täsinlige ýa-da juda täsirli bir zadyň şaýady bolýaryn. Häzirem ýolda. Howa bolsa bulaşyk. Günbatardan garalyp gelýän ýel üst-başymyzy eýýäm gara kirşen edip ugrady. Uly ýoluň gyrasy. Oba ýeriniň duralgasy. Gapdalymda iki sany agtyjagyny ýanyna alyp, nireleredir bir ýerlere ýola rowana bolan daýza otyr. Edil şol mahalam, nireden gelenini bildirmän bir goja duralganyň yk tarapyna biziň duran ýerimize geldi. Dili dogalydygy, kalbynda Haka bolan söýgüsiniň püre-pürlügi nurana ýüzünden bildirip dur. Salam berdim. Aleýik edip, geçip oturdy. Onuň salamdan soňky sözi awtobus geçendigini, geçmändigini bilmek boldy. Bizem onuň sorag bererine mähetdel ýaly, sözüni soňlamanka jogap berdik.
— Heniz gelenok.