"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nowruzym

Bagtyýar döwürde bagtyýar ileBagt täjini geýip, gel sen, Nowruzym!Şamçyrag şuglaly nurana ýolaÝakymyňy çaýyp, gel sen, Nowruzym! Aksyn rysgal çeşmesiniň bulagy,Sowamasyn toý gazannyň gulagy,Pälwanlar tutluşsyn çyzgap bilegi,Şatlyga beslenip, gel sen, Nowruzym!

Ülkämizde Nowruz bu gün, toý bu gün

Pasly-baharyň gelmegi bilen türkmen tebigaty gaýtadan janlanyp, gök begrese beslendi. Sähra-çöllerimizde, dag-düzlerimizde açylan al-elwan güller gözelligi, müşk-anbar ysy bilen hemmeleri maýyl edýär. Degre-daşymyzyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda-da ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uludan toýlanylýar. Bu gün nurana baýramyň ilkinji güni. Güneşli ülkämiziň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de baýramçylyk mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan Nowruz iň gadymy baýramlaryň biridir. Onuň mundan müňlerçe ýyl ozal, baryp Awesta döwürlerinde dörändigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Däp bolup gelşi ýaly, Nowruz gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän güni bellenilýär. Iňňän irki döwürlerden biri Aziýa yklymynyň käbir döwletlerinde şol gün täze ýylyň ilkinji güni hasaplanylýar. Gündogaryň meşhur akyldary Abureýhan Biruny «Öten nesilleriň ýadygärlikleri» atly ylmy-pelsepewi eserinde bu barada: «Horasanyň ilaty özleriniň ýylynyň dünýäniň ýaradylan mahalynda başlanandygyny, onuň Ferwerdin aýynyň — ilkinji aýyň Hurmuz güni, haçan-da Günüň älemiň deňagramlylyk nokadynda, asmanyň ortarasynda ýerleşen mahalynda bolandygyny tassyklaýar» diýip belleýär.

Baharyň reňbe-reň röwşi

Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginde ýaşap geçen, şol obada ilkinji bolup bägül ösdürip ýetişdiren Rejepgül Hojanepesowa ýaşlygyndan gülleri örän gowy görüpdir. Ol 1977 — 1978-nji ýyllarda howlusynda tages, astra, çigildem ýaly bezeg gülleriniň dürli görnüşini ekmegi ýola goýupdyr. Soňabaka ol güýmenjesiniň gerimini giňeldip, bägül ösdürip ýetişdirmeklige has-da yhlasly çemeleşipdir. Şol döwürler hem edil häzirki ýaly bu ajaýyp gülleriň hyrydary köp bolup, tutuş oba bägül ösdürip ýetişdirmegi makul bilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, Kölaryk geňeşliginde iki öýden bir öýüň melleginde bägül ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda Rejepgül enäniň ogly Myrat we agtygy Abdyrahman bägülleri ýetişdirmegi dowam etdirýärler. Bu işi ymykly ele alan Abdyrahman aga onuň inçe syrlaryny kakasyndan öwrendi. Biz Myrat agalara myhmançylyga baranymyzda, ilki bilen, howlynyň içindäki ýyladyşhanalardaky gözelliklere gözümiz düşdi. Zerewşan güller daş-töwerege gözellik paýlaýar. Olar edil dünýäniň ähli owadanlygyny özlerinde jemlän ýaly ajaýyp.

Enelerimiz üýtgeşik gudratdyr

Eziz Diýarymyzda enelerimize bolan çäksiz söýgi her ädimde duýulýar. Gahryman Arkadagymyz: «Bize her bir sözi mekdep bolan enelerimiz üýtgeşik gudratdyr» diýip belleýär. Hakykatdan-da görelde mekdebine öwrülen enelerimiz dünýä ýylylyk çaýýan mähribanlarymyzdyr. Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy, 97 ýaşy arka atan Akjagül Durdyýewa hem şeýle eneleriň biri hökmünde ildeşlerimiziň arasynda uly hormat-sylagdan paýlydyr. Mährem enäniň 4 ogly, 3 gyzy, 30 agtygy, 77 çowlugy, 8 ýuwlugy bar. Şeýle uly bagta eýe ene häzirki wagtda bagtyýar durmuşyň hözirini görmek bilen, söýüp, söýlüp ýaşaýar.

Ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artýar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler «Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şol belent maksada abraý bilen ýetilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküden-de gowulandyrmakda ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän işleriň köp babatda dünýä nusgalykdygy guwandyryjydyr. Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylda ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolandygyny aýratyn belläp geçdi. Bu bolsa döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny görkezip, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň ýokary depginde amala aşyrylýandygynyň kepili bolup durýar.

Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

Ajaýyp döwrümizde abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Aşgabat şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi munuň şeýledigini ýene bir gezek subut etdi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmäge gönükdirilen forumyň ýurdumyzda geçirilmegi halkymyzy çäksiz begendirdi, buýsandyrdy. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize bildirilen uly hormat hem ynamdyr. Özara netijeli we bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, häzirki zaman jemgyýetini sazlaşykly ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmakda mejlisiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Onda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gahryman Arkadagymyzyň eden taryhy çykyşy ýurdumyzyň oňyn garaýyşlary barada boldy. Şonuň ýaly-da, forumyň dowamynda Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alşyldy, köp sanly täzeçil garaýyşlar we anyk başlangyçlar beýan edildi. Bu ynsanperwer garaýyşlardyr başlangyçlar doganlyk halklaryň dostlugynyň, abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň hem-de söwda-ykdysady, medeni, yns

Bagtyýarlygyň nurana ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýär

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilmegi bagtyýarlygyň nurana ýolunda nobatdaky täze üstünlikleriň özboluşly badalgasy boldy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri örän gysga döwrüň içinde halkara ykrarnama eýe boldy. Iki ýylyň içinde gazanylan ägirt uly üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary özüniň baş ýörelgesine öwrüp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi esasy maksat edip goýdy. Şeýlelikde, örän gysga döwrüň içinde dünýäni haýrana goýan asyrlara barabar beýik işler bitirildi.

Nowruz — täzelenişiň baýramy

21-22-nji mart — Milli bahar baýramy Bahar paslynyň gözelligine gözellik goşýan nurana baýram — täze günüň, täze ýylyň başlanýandygyny buşlaýan Nowruz tebigatyň täzeleniş baýramydyr. Merkezi Aziýa, Kawkaz, Ýakyn Gündogar halklarynda müňlerçe ýyllar bäri bellenilýän gadymy baýramlaryň biri bolan Nowruz türkmen halkynyň milli mirasyna, däp-dessuryna siňen we döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýän şanly seneleriň biridir.

Gujagy gülli bahar

Bereketli türkmen topragyna ýylyň her bir pasly özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Ýazyň nurana seneleriniň biri bolan Nowruz baýramy hem daş-töweregimizi ýaşyl dona büräp, gül-gülälege besläp, gözel görkli tebigatymyza bolan söýgiňi artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi halkymyz ýokary ruhubelentlikde şatlyk-şowhun bilen garşy alýar. Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan Milli bahar baýramy adamlara şatlyk eçilýär we gözelligi, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi özünde jemleýär.  Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däp-dessurlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyzdan miras galan şol däp-dessurlarymyz häzirki döwürde täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Halkymyz Nowruzda däp bolan tagamy — semenini bişirip, baýramçylygy garşylaýar. Adamlar biri-birlerini ýazyň gelmegi hem-de ajaýyp baýram bilen gutlap, ýylyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edýärler, daýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler. Bu bolsa Nowruzyň hal

Dünýämizi, durmuşymyzy gözelleşdirýän gün

Gündogar senenamasyna laýyklykda, gyşyň gutaryp, ýazyň başlanýan döwründe bellenilýän Nowruz, rowaýatlara görä, Nuh pygamberiň döwründen bäri meşhurdyr. Gadymy Horezmiň, Marguşyň, Parfiýanyň, Nusaýyň, Dehistanyň ilaty Nowruzy öz döwrüniň iň uly baýramlarynyň biri hökmünde dabaralandyrypdyr. Baýrama taýýarlyk arassaçylyk we serenjam işlerinden başlanypdyr. Öýler abatlanypdyr, tamlaryň daşy suwalypdyr, öýlerde üzärlik tütedilipdir. Oba adamlary ýaşulularyň baştutanlygynda pil, kätmen ýaly zähmet gurallaryny alyp, ýowar edip, köçeleri, meýdanlary arassalapdyrlar, tertibe salypdyrlar, aryklary, ýaplary arçapdyrlar, Oguz hanyň wesýetine eýerip, nahal oturdypdyrlar. Umuman, Nowruzda haýyr işleriň, döwletli tutumlaryň binýady goýlupdyr. Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň golaýlaşýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň ilkinji bag nahalyny oturtmagy bilen ak pata berlen ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakadyr. Oňa Diýarymyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlardyr talyp ýaşlar baharyň hoştap howasynda, aýdym-sazyň owazy astynda bag nahallaryny oturtdylar.

Beýik işler rowaçlanýar

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. Bu üstünlikleri, rowaçlyklary täze-täze zähmet ýeňişleri bilen berkitmek üçin ildeşlerimiz yhlasly zähmet çekýärler. Ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara häzirki wagtda uly ynam bildirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň alyp barýan syýasatymyz beýik maksada — Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, bolelin durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr. Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýen sözleri hem munuň aýdyň güwäsidir. ªol esasdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanyp, mundan beýläk-de gülläp ösmeginde türkmen ýaşlaryna uly orun degişli bolup durýar. Ýaşlar ýokary ahlakly, ynsanperwer, watansöýüji, berk bedenli, sagdyn ruhly, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi öz öňlerinde esasy maksat edinýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň esasynda ýaş nesilleriň şol maksatlar

Gözellik paýlaýan güller

Zenanlar we güller. Bular biri-birinden owadan. Gözellikde biri-birinden paý alan ýaly. Güllere seretseň, gül kimin näzik zenanlarymyz göz öňüňe gelýär. Hut şonuň üçinem türkmen halky gyzlaryny söýgüläp, olara gül bilen baglanyşykly atlary dakmagy halaýar. Ýazyň, baharyň, sähranyň ajaýyp güllerine meňzedilip, Ýazgül, Bahargül, Gülbahar, Sähragül, Aý ýaly owadan bolmagy arzuw edilip, Aýgül, Aýjemal, gülleriň özüne meňzedilip, Güller, Bägül, Gülälek... ýaly atlaryň dakylmagy munuň hakykatdan üzňe däldigine şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, zenanlarymyzyň ýürek arzuwlaryny, yhlasyny siňdirip, hünärli ellerinden çykýan keşdedir nagyşlaryna gül bilen baglanyşykly atlaryň dakylmagy gülüň durmuşdaky ornuna baha bermekde subutnama bolup hyzmat edýär.

Keselden özüňi gora!

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygy we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri barada uly aladalar edilýär. Muny durmuşa geçirilýän işlerden hem görmek bolýar.  Her ýylyň 24-nji martynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni bellenip geçilýär. Bu keseli inçekesel bakteriýalary bolan mikroblar döredýär. Inçekesel adama bu keseli dörediji mikroblaryň ummasyz mukdarynyň bedene uzak wagtyň dowamynda yzygiderli düşüp durmagy netijesinde, şeýle hem bedeniň dürli sebäplere görä gowşan ýagdaýynda döräp biler. Inçekesel mikobakteriýalary beýleki mikroblara garanyňda, kislotalaryň, spirtiň täsirine, şeýle hem yssa, sowuga çydamlydyr. 190 gradus sowukdan 80 gradus gyzgyna çenli çydap bilýär. Emma suwda gaýnadylanda we Gün şöhlesiniň täsirine durnuksyzdyr. Nädogry iýmitlenmek, witamin ýetmezçiligi, sowuklamak, süýji keseli, spirtli içgileri içmek, çilimkeşlik, bedeniň goranyş güýçlerini gowşadýan beýleki sebäpler keseliň döremegine getirýär. Inçekeseliň döremeginiň ilkinji alamatlary adamda artykmaç ýadawlylyk, işdäniň tutulmagy, tiz-tiz derlemek, horlanmak ýaly ýagdaýlar bilen peýda bolýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň millionlarçasy konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ses berdi. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine girişmegine iki ýyl dolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň taryhynda täze sahypany açyp, ýurdumyzda asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliliginiň özboluşly däpleri bolan demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz dowam etdirilýändigini görkezdi. Mälim bolşy ýaly, watandaşlarymyzyň millionlarçasy konstitusion hukuklaryndan peýdalanmak we raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen, hereket edýän milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlarda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ses berdi. Şu gün bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmeginiň iki ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Ösüşli menziller rowaçlanýar

 Ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň dabaralanýan ajaýyp zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümizi buýsançly wakalar, ykbal özgerdiji beýik işler gurşap alýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem  ýaşaýyş-durmuşymyzy hil taýdan täze derejelere göterýän beýik tutumlara beslenýär. Şonuň ýaly köptaraplaýyn tutumlar merdana halkymyzyň röwşen geljeginiň mizemez kepiline öwrülmek bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň, çäksiz buýsanjynyň hem-de halkymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň, belent maksat-tutumlarynyň dowamat-dowamdygynyň subutnamasydyr. Şonuň üçin taryhy döwürde hem ata Watanymyzy mundan beýläk hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uzak geljege gönükdirilen iri möçberli taslamalar üstünlikli dowam etdirilýär. Röwşen gelejegimize bolan mizemez ynamymyzy öňküden hem pugtalandyrýan, ynsanperwer tutumlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine netijeli itergiler berýän beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimizi aýdýarys.

Halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan baýram

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Nowruz baýramynda agzybirlik we şahandazlyk däpleri jemlenýär. Bu baýramçylykda birek-birege myhmançylyga barlyp, duz-tagam dadylýar, öýke-kineler unudylýar. Nowruz baýramy köp öwüşgünliligi, taryhy gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýandygy hem-de ruhy däp-dessurlary özünde jemleýändigi bilen tapawutlanýar. Semeni taýýarlamak bu baýramyň iň esasy dessurlarynyň biridir. Nowruz saçagynyň semeni tagamy bilen bezelmegi — bagtyýarlygyň, duzuň, unuň guýulmagy — nesil dowamatynyň nyşany hasaplanýar. Semeniniň zaýalanmazlygy üçin ony ene-mamalarymyz agaç tabaklarda, syrçaly küýzelerde saklapdyrlar.

Ruhubelentlige beslendi

Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler we öňde durýan wezipeler» ady bilen geçiren maslahatymyz ruhubelentlige beslendi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen uly işleriň amala aşyrylýandygy, döwlet  Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň abraýynyň dünýä ýüzünde belent derejelere göterilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Hususyýetçilik — ösüşiň möhüm ugry

Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz ikinji iş güni bilen dowam etdi. Bu foruma hususyýetçileriň köp sanlysy gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary, gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar. Birleşmäniň agzalarynyň düýn geçirilen maslahatynda bolsa täze taryhy döwürde türkmen telekeçileriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gözden geçirilişiň çäklerinde «Saraýan» hojalyk jemgyýetiniň, «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň lybaslarynyň görkezilişi sergä gatnaşyjylardyr myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Forumyň ikinji gününde köpöwüşginli pawilýonlaryň eýeleri ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz düzümini giňeltmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler. Biz ýurduň «altyn gaznasyna» deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň birnäçesiniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Muhammetguly OJAROW,«Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Bagtyýar durmuşyň röwşen ýoly

Halkymyzyň söwer Ogly Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurt hem dünýä üçin taryhy hyzmatlary bitirýär Milli Liderimiziň türkmeniň aňyrdan gelýän uly tejribesine daýanyp guran döwletlilik ýoluny Arkadagly Gahryman Serdarymyz mynasyp dowam etdirýär. Bu ýol milleti röwşen geljege alyp barýar. Elbetde, bu — asla ýeňil bolmadyk taryhy wezipe. Örän uly paýhasy, giň düşünjäni, çyn yhlasy, berk ynamy, är gaýratyny talap edýär. Öz saýlan perzendiniň berkarar döwlete baştutanlyk etmegi bilen, halkymyz şöhratly menzillere ýetýär.