Gujagy gülli bahar

20 Mart 2024
317

Bereketli türkmen topragyna ýylyň her bir pasly özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Ýazyň nurana seneleriniň biri bolan Nowruz baýramy hem daş-töweregimizi ýaşyl dona büräp, gül-gülälege besläp, gözel görkli tebigatymyza bolan söýgiňi artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi halkymyz ýokary ruhubelentlikde şatlyk-şowhun bilen garşy alýar. Ençeme asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten, dost-doganlygyň, agzybirligiň, rysgal-berekediň baýramçylygy bolan Milli bahar baýramy adamlara şatlyk eçilýär we gözelligi, hoşniýetliligi, ynsanperwerligi özünde jemleýär. 

Ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň ählisi özüne mahsus bolan milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däp-dessurlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyzdan miras galan şol däp-dessurlarymyz häzirki döwürde täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Halkymyz Nowruzda däp bolan tagamy — semenini bişirip, baýramçylygy garşylaýar. Adamlar biri-birlerini ýazyň gelmegi hem-de ajaýyp baýram bilen gutlap, ýylyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edýärler, daýhanlarymyz ýagşy arzuw-niýetler bilen topraga tohum sepip, täze hasylyň düýbüni tutmaga ykjam girişýärler. Bu bolsa Nowruzyň halkymyzyň durmuşynda uly orny eýeleýändiginiň subutnamalarydyr.

Hakmyrat Kişjikow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň başlygy.