Baharyň reňbe-reň röwşi

20 Mart 2024
372

Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginde ýaşap geçen, şol obada ilkinji bolup bägül ösdürip ýetişdiren Rejepgül Hojanepesowa ýaşlygyndan gülleri örän gowy görüpdir. Ol 1977 — 1978-nji ýyllarda howlusynda tages, astra, çigildem ýaly bezeg gülleriniň dürli görnüşini ekmegi ýola goýupdyr. Soňabaka ol güýmenjesiniň gerimini giňeldip, bägül ösdürip ýetişdirmeklige has-da yhlasly çemeleşipdir. Şol döwürler hem edil häzirki ýaly bu ajaýyp gülleriň hyrydary köp bolup, tutuş oba bägül ösdürip ýetişdirmegi makul bilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, Kölaryk geňeşliginde iki öýden bir öýüň melleginde bägül ösdürilip ýetişdirilýär.

Häzirki wagtda Rejepgül enäniň ogly Myrat we agtygy Abdyrahman bägülleri ýetişdirmegi dowam etdirýärler. Bu işi ymykly ele alan Abdyrahman aga onuň inçe syrlaryny kakasyndan öwrendi. Biz Myrat agalara myhmançylyga baranymyzda, ilki bilen, howlynyň içindäki ýyladyşhanalardaky gözelliklere gözümiz düşdi. Zerewşan güller daş-töwerege gözellik paýlaýar. Olar edil dünýäniň ähli owadanlygyny özlerinde jemlän ýaly ajaýyp.

Maral AGAMYRADOWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.