Ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleri artýar

20 Mart 2024
224

Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler «Ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek biziň baş maksadymyzdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda şol belent maksada abraý bilen ýetilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup dabaralanýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküden-de gowulandyrmakda ajaýyp zamanamyzda durmuşa geçirilýän işleriň köp babatda dünýä nusgalykdygy guwandyryjydyr.

Şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2023-nji ýylda ýurdumyzda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar bolandygyny aýratyn belläp geçdi. Bu bolsa döwletimiziň eksport mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny görkezip, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleriň ýokary depginde amala aşyrylýandygynyň kepili bolup durýar.

Amangeldi Saryýew,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.