Gözellik paýlaýan güller

20 Mart 2024
242

Zenanlar we güller. Bular biri-birinden owadan. Gözellikde biri-birinden paý alan ýaly. Güllere seretseň, gül kimin näzik zenanlarymyz göz öňüňe gelýär. Hut şonuň üçinem türkmen halky gyzlaryny söýgüläp, olara gül bilen baglanyşykly atlary dakmagy halaýar.

Ýazyň, baharyň, sähranyň ajaýyp güllerine meňzedilip, Ýazgül, Bahargül, Gülbahar, Sähragül, Aý ýaly owadan bolmagy arzuw edilip, Aýgül, Aýjemal, gülleriň özüne meňzedilip, Güller, Bägül, Gülälek... ýaly atlaryň dakylmagy munuň hakykatdan üzňe däldigine şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, zenanlarymyzyň ýürek arzuwlaryny, yhlasyny siňdirip, hünärli ellerinden çykýan keşdedir nagyşlaryna gül bilen baglanyşykly atlaryň dakylmagy gülüň durmuşdaky ornuna baha bermekde subutnama bolup hyzmat edýär.

Ogulsuraý Täçmämmedowa,
«Balkan».