Ösüşli menziller rowaçlanýar

19 Mart 2024
271

 Ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň dabaralanýan ajaýyp zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümizi buýsançly wakalar, ykbal özgerdiji beýik işler gurşap alýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem  ýaşaýyş-durmuşymyzy hil taýdan täze derejelere göterýän beýik tutumlara beslenýär. Şonuň ýaly köptaraplaýyn tutumlar merdana halkymyzyň röwşen geljeginiň mizemez kepiline öwrülmek bilen birlikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agzybir halkyna, eziz ýurduna bolan nusgalyk söýgi-sarpasynyň, çäksiz buýsanjynyň hem-de halkymyzyň asyrlar boýy eden arzuwlarynyň, belent maksat-tutumlarynyň dowamat-dowamdygynyň subutnamasydyr. Şonuň üçin taryhy döwürde hem ata Watanymyzy mundan beýläk hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda uzak geljege gönükdirilen iri möçberli taslamalar üstünlikli dowam etdirilýär.

Röwşen gelejegimize bolan mizemez ynamymyzy öňküden hem pugtalandyrýan, ynsanperwer tutumlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine netijeli itergiler berýän beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerimizi aýdýarys.

Resul ATAJANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.