Ruhubelentlige beslendi

19 Mart 2024
341

Türkmenbaşy etrabynyň medeniýet öýünde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanylýan ösüşler we öňde durýan wezipeler» ady bilen geçiren maslahatymyz ruhubelentlige beslendi. Oňa edara-kärhanalaryň işgärleri, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen uly işleriň amala aşyrylýandygy, döwlet  Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ösüşlere beslenýän ata Watanymyzyň abraýynyň dünýä ýüzünde belent derejelere göterilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Üzümgül GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.