Dünýämizi, durmuşymyzy gözelleşdirýän gün

20 Mart 2024
271

Gündogar senenamasyna laýyklykda, gyşyň gutaryp, ýazyň başlanýan döwründe bellenilýän Nowruz, rowaýatlara görä, Nuh pygamberiň döwründen bäri meşhurdyr. Gadymy Horezmiň, Marguşyň, Parfiýanyň, Nusaýyň, Dehistanyň ilaty Nowruzy öz döwrüniň iň uly baýramlarynyň biri hökmünde dabaralandyrypdyr. Baýrama taýýarlyk arassaçylyk we serenjam işlerinden başlanypdyr. Öýler abatlanypdyr, tamlaryň daşy suwalypdyr, öýlerde üzärlik tütedilipdir. Oba adamlary ýaşulularyň baştutanlygynda pil, kätmen ýaly zähmet gurallaryny alyp, ýowar edip, köçeleri, meýdanlary arassalapdyrlar, tertibe salypdyrlar, aryklary, ýaplary arçapdyrlar, Oguz hanyň wesýetine eýerip, nahal oturdypdyrlar. Umuman, Nowruzda haýyr işleriň, döwletli tutumlaryň binýady goýlupdyr.

Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň golaýlaşýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň ilkinji bag nahalyny oturtmagy bilen ak pata berlen ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli wakadyr. Oňa Diýarymyzyň ähli sebitleriniň ýaşaýjylary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dürli kärlerde zähmet çekýän raýatlardyr talyp ýaşlar baharyň hoştap howasynda, aýdym-sazyň owazy astynda bag nahallaryny oturtdylar.

Guwanç Öwezow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi.