Beýik işler rowaçlanýar

20 Mart 2024
420

Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünliklere, rowaçlyklara beslenýär. Bu üstünlikleri, rowaçlyklary täze-täze zähmet ýeňişleri bilen berkitmek üçin ildeşlerimiz yhlasly zähmet çekýärler.

Ata Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara häzirki wagtda uly ynam bildirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Biziň alyp barýan syýasatymyz beýik maksada — Garaşsyz, Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady, hukuk we medeni taýdan berk binýatly, kuwwatly ýurda öwürmekden, halkymyzy bagtyýar, parahat, bolelin durmuşda ýaşatmakdan ybaratdyr. Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar» diýen sözleri hem munuň aýdyň güwäsidir. ªol esasdan, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanyp, mundan beýläk-de gülläp ösmeginde türkmen ýaşlaryna uly orun degişli bolup durýar. Ýaşlar ýokary ahlakly, ynsanperwer, watansöýüji, berk bedenli, sagdyn ruhly, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi öz öňlerinde esasy maksat edinýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleriniň esasynda ýaş nesilleriň şol maksatlaryna ýetmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilendigine her birimiz şaýat.

Jora Babanazarow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.