Hususyýetçilik — ösüşiň möhüm ugry

19 Mart 2024
279

Düýn Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz ikinji iş güni bilen dowam etdi. Bu foruma hususyýetçileriň köp sanlysy gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary, gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdylar. Birleşmäniň agzalarynyň düýn geçirilen maslahatynda bolsa täze taryhy döwürde türkmen telekeçileriniň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gözden geçirilişiň çäklerinde «Saraýan» hojalyk jemgyýetiniň, «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň lybaslarynyň görkezilişi sergä gatnaşyjylardyr myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Forumyň ikinji gününde köpöwüşginli pawilýonlaryň eýeleri ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz düzümini giňeltmek ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler. Biz ýurduň «altyn gaznasyna» deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň birnäçesiniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

Muhammetguly OJAROW,
«Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Ýazga geçiren Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».