Ülkämizde Nowruz bu gün, toý bu gün

20 Mart 2024
317

Pasly-baharyň gelmegi bilen türkmen tebigaty gaýtadan janlanyp, gök begrese beslendi. Sähra-çöllerimizde, dag-düzlerimizde açylan al-elwan güller gözelligi, müşk-anbar ysy bilen hemmeleri maýyl edýär. Degre-daşymyzyň şeýle ajaýyp keşbe giren çagynda-da ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uludan toýlanylýar. Bu gün nurana baýramyň ilkinji güni. Güneşli ülkämiziň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de baýramçylyk mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär.

Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan Nowruz iň gadymy baýramlaryň biridir. Onuň mundan müňlerçe ýyl ozal, baryp Awesta döwürlerinde dörändigine taryhy maglumatlar şaýatlyk edýär. Däp bolup gelşi ýaly, Nowruz gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän güni bellenilýär. Iňňän irki döwürlerden biri Aziýa yklymynyň käbir döwletlerinde şol gün täze ýylyň ilkinji güni hasaplanylýar. Gündogaryň meşhur akyldary Abureýhan Biruny «Öten nesilleriň ýadygärlikleri» atly ylmy-pelsepewi eserinde bu barada: «Horasanyň ilaty özleriniň ýylynyň dünýäniň ýaradylan mahalynda başlanandygyny, onuň Ferwerdin aýynyň — ilkinji aýyň Hurmuz güni, haçan-da Günüň älemiň deňagramlylyk nokadynda, asmanyň ortarasynda ýerleşen mahalynda bolandygyny tassyklaýar» diýip belleýär.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.