Enelerimiz üýtgeşik gudratdyr

20 Mart 2024
353

Eziz Diýarymyzda enelerimize bolan çäksiz söýgi her ädimde duýulýar. Gahryman Arkadagymyz: «Bize her bir sözi mekdep bolan enelerimiz üýtgeşik gudratdyr» diýip belleýär. Hakykatdan-da görelde mekdebine öwrülen enelerimiz dünýä ýylylyk çaýýan mähribanlarymyzdyr.

Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň ýaşaýjysy, 97 ýaşy arka atan Akjagül Durdyýewa hem şeýle eneleriň biri hökmünde ildeşlerimiziň arasynda uly hormat-sylagdan paýlydyr. Mährem enäniň 4 ogly, 3 gyzy, 30 agtygy, 77 çowlugy, 8 ýuwlugy bar. Şeýle uly bagta eýe ene häzirki wagtda bagtyýar durmuşyň hözirini görmek bilen, söýüp, söýlüp ýaşaýar.

Maral AGAMYRADOWA.