Keselden özüňi gora!

20 Mart 2024
253

Ýurdumyzda raýatlaryň saglygy we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri barada uly aladalar edilýär. Muny durmuşa geçirilýän işlerden hem görmek bolýar. 

Her ýylyň 24-nji martynda Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni bellenip geçilýär. Bu keseli inçekesel bakteriýalary bolan mikroblar döredýär. Inçekesel adama bu keseli dörediji mikroblaryň ummasyz mukdarynyň bedene uzak wagtyň dowamynda yzygiderli düşüp durmagy netijesinde, şeýle hem bedeniň dürli sebäplere görä gowşan ýagdaýynda döräp biler. Inçekesel mikobakteriýalary beýleki mikroblara garanyňda, kislotalaryň, spirtiň täsirine, şeýle hem yssa, sowuga çydamlydyr. 190 gradus sowukdan 80 gradus gyzgyna çenli çydap bilýär. Emma suwda gaýnadylanda we Gün şöhlesiniň täsirine durnuksyzdyr. Nädogry iýmitlenmek, witamin ýetmezçiligi, sowuklamak, süýji keseli, spirtli içgileri içmek, çilimkeşlik, bedeniň goranyş güýçlerini gowşadýan beýleki sebäpler keseliň döremegine getirýär. Inçekeseliň döremeginiň ilkinji alamatlary adamda artykmaç ýadawlylyk, işdäniň tutulmagy, tiz-tiz derlemek, horlanmak ýaly ýagdaýlar bilen peýda bolýar.

Gurbangeldi Täşliýew,
welaýat inçekesel hassahanasynyň dispanser bölüm müdiri.