Bagtyýarlygyň nurana ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýär

20 Mart 2024
355

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilmegi bagtyýarlygyň nurana ýolunda nobatdaky täze üstünlikleriň özboluşly badalgasy boldy. 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri örän gysga döwrüň içinde halkara ykrarnama eýe boldy. Iki ýylyň içinde gazanylan ägirt uly üstünliklerdir ýetilen belent sepgitler bu hakykaty bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary özüniň baş ýörelgesine öwrüp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi esasy maksat edip goýdy. Şeýlelikde, örän gysga döwrüň içinde dünýäni haýrana goýan asyrlara barabar beýik işler bitirildi.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».