"Arkadag" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Arkadag şäheri, Arkadag şaýoly, 28
Telefon belgileri: 57-39-65, 57-39-66
Email: arkadag_gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ussatlaryň kämillik meýdany

Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň söweşjeň, gumanitar taýýarlyklarynda oňat netijeler gazanyp, öz hünärlerine ussat, has kämil harby taýýarlykly bolup ýetişmekleri barada hemişe gymmatly öwüt-ündewlerini berýär hem-de olaryň harby we beden taýýarlygynda, ylymly-bilimli, hakyky türkmen esgerine mahsus häsiýetlerde, watansöýüji we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin amatly şertleri, giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda bimöçber alada edýär. Bu günki gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby gullukçylary özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklere buýsanyp, Watan goragyny berjaý edýärler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlar müdirliginiň tabynlygyndaky maýor Şöhrat Orazgylyjowyň serkerdelik edýän harby bölüminde hem merdana Watan goragçylary 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda söweşjeň, gumanitar taýýarlygynyň her bir çäresine, nazary we amaly okuw sapaklaryna uly buýsanç bilen işjeň gatnaşýarlar. Ýaňy-ýakynda harby bölümde bölümçeleriň, hasaplaryň ýörite taktiki meýdan okuw sapaklary harby bölümiň türgenleşik meýdanynda gündiz we gije şertlerinde geçirildi. Bu meýdan okuw sapaklaryna dürli hünärler boýunça bölümçeler we hasaplar gatnaşyp, olaryň her biri öz hünärini has-da kämilleşdirmek, üstünlik gazanmak ugrunda yhlaslylyk we hyjuwlylyk görkezdi. Meýdan okuw sapaklarynyň dowamynda

Milli bahar baýramyna

NOWRUZ GELDI DIÝARA! Giň sährada hoş sapaly çaglarda,Garşylaly, Nowruz geldi Diýara!Çeşme-çaýly bu keremli daglarda,Garşylaly, Nowruz geldi Diýara!

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

Kalbymyzyň buýsanjy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döwletli Diýarymyzyň Garaşsyz ýurt bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu şanly baýram mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna uly taýýarlyk görülýär. 30 ýylyň içinde ýurdumyzdaky ösüşleriň, özgertmeleriň ýokary derejede durmuşa ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň köp asyrlyk arzuwlary hasyl boldy.

Şanly ýylyň ýalkymy

Şöhratly taryha eýe bolan, adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-asmanda parlaýan Türkmenistan döwletimiz pajarlap ösýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Şeýle abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden toýlaýar. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu şanly ýylda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda biziň öňümizde uly maksatlar we has giň gerimli wezipeler durýar.

Türkmen telekeçiliginiň ösüşli ýoly

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň halkara abraýyny has-da belende götermek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşi, täze belentliklerine tarap öňe gitmegi biziň eziz Diýarymyza bolan buýsanjymyza buýsanç goşýar, ony has-da gülledip ösdürmek üçin belent maksatly işlere goşant goşmaga höweslendirýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

KITAP GAZNASY BAÝLAŞÝAR AHAL. Welaýatyň kitaphanalarynda okyjylara edilýän döwrebap hyzmatlaryň gerimi giňeýär we derejesi barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigini welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynda we şahamçalarynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň görkezijileri hem-de okyjy gatnaşygy aýdyň görkezýär. Has takygy, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň başyndan bäri okyjylara neşirleriň 71 müňden gowragy okamaga berildi, täze goşulan okyjylaryň sany 1 müň 750-ä barabar boldy. Welaýat boýunça okyjylaryň umumy sany 78 müň 183 adamdyr. Degişli döwürde elektron kitaplardan peýdalanýanlaryň sany hem artdy.

Täsin halylar dokalýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylamagy maksat edinýän «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň öz işine ussat gelin-gyzlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen döwründe dürli ölçeglerdäki halylaryň jemi 543 inedördül metrini dokap, ýanwar-fewral aýlarynyň meýilnamasyny möhletinden öň 135,7 göterim amal etmegiň hötdesinden geldiler. Şu döwürde kärhanada bitirilen işleriň möçberi 560 müň manatlykdan hem köp boldy. Gürrüňi edilýän döwürde önümçiligiň ösüş depgini 125 göterimden geçdi. Serdarly halyçylar häzirki wagtda ýubileý ýylynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryljak, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde gurulýan «Ak öý» binalarynyň törlerini bezejek, her biriniň umumy meýdany 276 inedördül metre deň bolan iki sany äpet halyny dokaýarlar. Ajaýyp göller salynjak bu halylary dokamagy kärhananyň gelin-gyzlarynyň 92-si iki çalşykda alyp barýarlar. Ol halylar kärhananyň çeper elli gelin-gyzlarynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatlary bolar.

Adyň dillerde dessan

Aşgabada — 140 ýyl! Bu taryhy sene golaýlaşdygyça, paýtagt şäherimiz günsaýyn däl, sagatsaýyn gözelleşýär. Baş şäheriň toý bezegleri edara-binalaryň öňünde, şaýollaryň ugrunda goýlan dürli şygarlar bilen utgaşyp, şanly baýramçylygyň ýakymyny buşlaýar. Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda uludan bellenilýän toý-baýramlara mynasyp zähmet sowgatly barmak halkymyzda asylly däpleriň biridir. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlaýan şowhunly çykyşlary, sahna oýunlary toý-baýramlaryň şatlygyny artdyrýar. Ady äleme dolan gözel Aşgabat şahyrlaryň şygyrlarynda, sungat ussatlarynyň aýdymlarynda wasp edilýär. Joşgunly köňüllerde täze-täze eserler, aýdymdyr sazlar döreýär. Merjen paýtagtymyzyň ady dillerde dessan bolup ýaňlanýar. Biziň saz ugruna ýöriteleşdirilen orta mekdebimizde-de şanly toýy aýdym-sazly garşylamak üçin şu günlerden ykjam taýýarlyk görülýär.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň mejlisi

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.

Bagta uzaýan ýyllar

Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly hormata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy tutumlara besleýär. Arkadag Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer döwlet syýasaty bolsa beýik maksatlarymyzyň rowaçlygynyň berk binýadydyr. Ak mermerli binalary bilen dünýä meşhur bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, ähli üstünliklerimiziň gözbaşy bolup durýan ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy seneleriniň giňden bellenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem umumadamzat bähbitlerine, halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini ählumumy durnukly ösüşiň hyzmatynda goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýan iri möçberli, taryhy ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakdaky işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, welaýatlaryň häkimliklerine 2021-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş şertnamalary baglaşmaga, şeýle hem welaýatlaryň daýhan birleşiklerini, oba hojalyk kärhanalaryny, daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri, ýer eýelerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Täzelikler

Golaýda Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabara geçirildi. Etrap häkimliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, medeniýet işgärleriniň, kitaphanaçylaryň gatnaşmaklarynda guralan dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Hususan-da, çykyş edenler geçen ýylda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgininiň gazanylmagy netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň öndürilişiniň artandygyny, şonuň esasynda türkmenistanlylaryň, şol sanda etrabyň ilatynyň hem ýaşaýyş-durmuş derejesiniň görnetin gowulanandygyny bellediler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň toýlanylýan ýylynda öňde goýulýan belent maksatlaryň günübirin durmuşa geçirilmegine her bir raýatymyzyň önjeýli goşant goşmalydygyna hem dabarada çykyş edenler ünsi çekdiler. Köpadamly dabara etrabyň medeniýet öýüniň döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

Kanunçylyk kämilleşdirilýär

Geçen hepdäniň şenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň dowamynda giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalardan soň, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Kanuny (rejelenen görnüşi), «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeş

Döwletliligiň mizemez binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda eziz Diýarymyz milli buýsanjymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan ägirt uly ösüşlere beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda ýurdumyzyň welaýatlarynda ykdysady kuwwatymyzy pugtalandyrýan täze binalaryň, desgalaryň hem-de döwrebap obalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmeniň döwletliliginiň aýdyň nyşanydyr. Munuň özi sazlaşykly durmuş-ykdysady ösüşiň, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň anyk beýany bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda, döwletimiziň yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleriniň her bir ugrunyň dünýä bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga ykjam taýýarlyk görýär. Taryh üçin gysga döwürde eziz Watanymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetmek bilen, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz tutuş jemgyýetimizi gurşap alýan kuwwatly, oňyn özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelge her bir raýatyň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Munuň özi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini

Berkararlyk mukamy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrdy. Bu ýyl ata Watanymyz täze taryhynda bitirilen beýik işler bilen aýratyn many-mazmunda dabaralanýar. Türkmenistan şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryny uludan tutar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda asyrlara barabar işler ýerine ýetirildi. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna uludan taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlyk — ýurdumyzyň berkararlygy, bagtyýarlygymyzyň gözbaşy. Paýhasly pederlerimiziň arzuwlan zamanasy bolan Garaşsyzlyk eýýamy halkymyza abadan ýaşaýşy, asuda, parahat, döwletli-döwrany peşgeş etdi. «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr!» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz häzirki wagtda diňe bir syýasy-ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde däl, eýsem, parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Mähriban halkymyz dünýäniň ösüşinde türkmen ýolunyň röwşendigini gazanylýan beýik özgerişler bilen jahana äşgär etdi. Goý, mähriban halkymyzyň parahat, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän, toý-baýramçylyklarymyzy bitirilen beýik işler bilen dabaralandyrýan h

Beýik işleriň öwüşgini

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabaralar bilen toýlaýar. Milli senenamamyzda wajyp orny eýeleýän bu şanly baýramçylyklary mynasyp garşylamak üçin häzirki günlerden taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän gözel paýtagtymyz Aşgabat bu gün bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna, Garaşsyzlyk döwrümiziň ýeten belent derejesiniň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda sanlyja ýylyň içinde ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Aşgabat ak mermer bilen örtülen desgalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Döwürlerde Garaşsyzlyk ýaňy bar

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwletdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň abadanlaşdyrylan, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýän obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, şäherlerini synlanyňda geljegimiziň has ýagty boljakdygyna ynam has-da berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.

Nowruz — parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, nesilden-nesle geçirip gelýän däp-dessurlaryna, milli baýramlaryna uly sarpa goýulýar. Olar mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Şolaryň biri hem Halkara Nowruz baýramydyr. Öz gözbaşyny gojaman taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Nowruz baýramy — gözel tebigatymyzyň täzelenişini alamatlandyrmak bilen bir hatarda, adamlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar. Şol sebäpli hem Nowruz dostlugyň we doganlygyň dabaralanýan baýramydyr. Halkymyzyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň özboluşly, köpöwüşginli belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny we taryhy-medeni baýlyklaryny özünde jemleýän bu baýram 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjyny goldap, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklibi esasynda kabul edilen bu taryhy Rezolýusiýa parahatçylygy we halklaryň raýdaşlygyny berkitmekde, ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmekde Nowruz baýramynyň ähmiýetiniň belent ykraryna öwrüldi. Häzirki wagtda Nowruz baýramy diňe bir gündogar halklarynda däl, eýsem, bütin dünýäde giňden bellenilýär. Bu ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan ruhy gymmatlyklaryň halklary,

Dünýä nusgalyk taglymat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gidýän, senagat taýdan ösen ýurt bolmaga ukyply, hemişe umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän abraýly döwlete öwrüldi. Bu barada hormatly Prezidentimiz 25-nji fewralda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda: «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Ýurdumyz halkara derejede möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolup, uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi» diýip belledi. Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň öňe sürýän her bir halkara başlangyjy dünýä halklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar we ullakan goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmeginde hem görýäris. Parahatçylyga, asudalyga uly orun berýän eziz Diýarymyzda geçen ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan bolsa, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Pe

Şygryýet

ARKADAG BILEN Ak arzuwa besläp gözel ýurdumy,