Täzelikler

15 Mart 2021
833

Golaýda Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli dabara geçirildi.

Etrap häkimliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, bilim, medeniýet işgärleriniň, kitaphanaçylaryň gatnaşmaklarynda guralan dabarada buýsançly çykyşlara giň gerim berildi. Hususan-da, çykyş edenler geçen ýylda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgininiň gazanylmagy netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň öndürilişiniň artandygyny, şonuň esasynda türkmenistanlylaryň, şol sanda etrabyň ilatynyň hem ýaşaýyş-durmuş derejesiniň görnetin gowulanandygyny bellediler. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň toýlanylýan ýylynda öňde goýulýan belent maksatlaryň günübirin durmuşa geçirilmegine her bir raýatymyzyň önjeýli goşant goşmalydygyna hem dabarada çykyş edenler ünsi çekdiler. Köpadamly dabara etrabyň medeniýet öýüniň döredijilik toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.