Şanly ýylyň ýalkymy

16 Mart 2021
987

Şöhratly taryha eýe bolan, adamzat taryhyna we medeniýetine saldamly goşant goşan türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Bu gün ýaşyl Tugy al-asmanda parlaýan Türkmenistan döwletimiz pajarlap ösýär, ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Şeýle abadan, bolelin, asuda durmuşda ýaşaýan halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.

Halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden toýlaýar. Halkymyz üçin örän möhüm bolan bu şanly ýylda hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda biziň öňümizde uly maksatlar we has giň gerimli wezipeler durýar.

Garrybaý AŞYROW,
Ak bugdaý etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.