Nowruz — parahatçylygyň we dost-doganlygyň baýramy

15 Mart 2021
1234

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, nesilden-nesle geçirip gelýän däp-dessurlaryna, milli baýramlaryna uly sarpa goýulýar. Olar mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Şolaryň biri hem Halkara Nowruz baýramydyr.

Öz gözbaşyny gojaman taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Nowruz baýramy — gözel tebigatymyzyň täzelenişini alamatlandyrmak bilen bir hatarda, adamlaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerini pugtalandyrýar. Şol sebäpli hem Nowruz dostlugyň we doganlygyň dabaralanýan baýramydyr. Halkymyzyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň özboluşly, köpöwüşginli belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny we taryhy-medeni baýlyklaryny özünde jemleýän bu baýram 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyjyny goldap, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklibi esasynda kabul edilen bu taryhy Rezolýusiýa parahatçylygy we halklaryň raýdaşlygyny berkitmekde, ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmekde Nowruz baýramynyň ähmiýetiniň belent ykraryna öwrüldi. Häzirki wagtda Nowruz baýramy diňe bir gündogar halklarynda däl, eýsem, bütin dünýäde giňden bellenilýär. Bu ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan ruhy gymmatlyklaryň halklary, milletleri biri-birine ýakynlaşdyrýandygynyň, olaryň arasyndaky ynanyşmagy berkidýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şundan ugur alnyp, Nowruz baýramy 2009-njy ýylda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Suraý ÝAGŞYMYRADOWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.