Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna

17 Mart 2021
904

Kalbymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda döwletli Diýarymyzyň Garaşsyz ýurt bolanyna 30 ýyl dolýar. Bu şanly baýram mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna uly taýýarlyk görülýär. 30 ýylyň içinde ýurdumyzdaky ösüşleriň, özgertmeleriň ýokary derejede durmuşa ornaşdyrylmagy türkmen halkynyň ýüreginde buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň köp asyrlyk arzuwlary hasyl boldy.