Täsin halylar dokalýar

16 Mart 2021
855

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylamagy maksat edinýän «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň öz işine ussat gelin-gyzlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen döwründe dürli ölçeglerdäki halylaryň jemi 543 inedördül metrini dokap, ýanwar-fewral aýlarynyň meýilnamasyny möhletinden öň 135,7 göterim amal etmegiň hötdesinden geldiler. Şu döwürde kärhanada bitirilen işleriň möçberi 560 müň manatlykdan hem köp boldy.

Gürrüňi edilýän döwürde önümçiligiň ösüş depgini 125 göterimden geçdi. Serdarly halyçylar häzirki wagtda ýubileý ýylynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyryljak, Balkanabat we Türkmenabat şäherlerinde gurulýan «Ak öý» binalarynyň törlerini bezejek, her biriniň umumy meýdany 276 inedördül metre deň bolan iki sany äpet halyny dokaýarlar. Ajaýyp göller salynjak bu halylary dokamagy kärhananyň gelin-gyzlarynyň 92-si iki çalşykda alyp barýarlar. Ol halylar kärhananyň çeper elli gelin-gyzlarynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatlary bolar.

(Öz habarçymyz).