Ýurdumyzyň welaýatlarynda

16 Mart 2021
866

KITAP GAZNASY BAÝLAŞÝAR

AHAL. Welaýatyň kitaphanalarynda okyjylara edilýän döwrebap hyzmatlaryň gerimi giňeýär we derejesi barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigini welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynda we şahamçalarynda şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň görkezijileri hem-de okyjy gatnaşygy aýdyň görkezýär. Has takygy, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň başyndan bäri okyjylara neşirleriň 71 müňden gowragy okamaga berildi, täze goşulan okyjylaryň sany 1 müň 750-ä barabar boldy. Welaýat boýunça okyjylaryň umumy sany 78 müň 183 adamdyr. Degişli döwürde elektron kitaplardan peýdalanýanlaryň sany hem artdy.

(Öz habarçylarymyz).