Ussatlaryň kämillik meýdany

17 Mart 2021
892

Hormatly Prezidentimiz Watan goragçylarynyň söweşjeň, gumanitar taýýarlyklarynda oňat netijeler gazanyp, öz hünärlerine ussat, has kämil harby taýýarlykly bolup ýetişmekleri barada hemişe gymmatly öwüt-ündewlerini berýär hem-de olaryň harby we beden taýýarlygynda, ylymly-bilimli, hakyky türkmen esgerine mahsus häsiýetlerde, watansöýüji we watançylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin amatly şertleri, giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda bimöçber alada edýär. Bu günki gün Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby gullukçylary özleri üçin döredilen giň mümkinçiliklere buýsanyp, Watan goragyny berjaý edýärler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Baş dolandyryş merkeziniň Inžener goşunlar müdirliginiň tabynlygyndaky maýor Şöhrat Orazgylyjowyň serkerdelik edýän harby bölüminde hem merdana Watan goragçylary 2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda söweşjeň, gumanitar taýýarlygynyň her bir çäresine, nazary we amaly okuw sapaklaryna uly buýsanç bilen işjeň gatnaşýarlar. Ýaňy-ýakynda harby bölümde bölümçeleriň, hasaplaryň ýörite taktiki meýdan okuw sapaklary harby bölümiň türgenleşik meýdanynda gündiz we gije şertlerinde geçirildi.

Bu meýdan okuw sapaklaryna dürli hünärler boýunça bölümçeler we hasaplar gatnaşyp, olaryň her biri öz hünärini has-da kämilleşdirmek, üstünlik gazanmak ugrunda yhlaslylyk we hyjuwlylyk görkezdi. Meýdan okuw sapaklarynyň dowamynda goşunyň inžener üpjünçiligiň wezipeleri boýunça ýörite taýýarlyk sapaklary has-da täsirli geçirildi we olar şahsy düzümiň harby tilsimleri ýerine ýetirmek ukyplaryny, öz hünärleri boýunça tejribelerini artdyrdy. Munuň şeýledigine tälimlere gatnaşan harby gullukçylaryň berýän buýsançly gürrüňlerinden hem göz ýetirmek bolýar. Harby bölümde geçirilýän ýörite taktiki meýdan okuw sapaklarynda tälim beren serkerdelerden, uly leýtenantlar Guwanç Jumadurdyýew, Süleýman Saparow, Yslamberdi Ýagşymyradow, çagyryş boýunça harby gullukçylardan seržant Mekan Geldiýew, kiçi seržantlar Atageldi Ataýew, Abdynazar Berdiýew we esgerler Arslan Gurbanalyýew, Batyr Garryýew dagyny aýratyn tapawutlananlaryň hatarynda bellemek bolar.

Yslam GULLYÝEW,
podpolkownik.