Bagta uzaýan ýyllar

15 Mart 2021
959

Parahatçylygyň we asudalygyň mekany hökmünde dünýäde uly hormata eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýylyny uly üstünliklere, taryhy tutumlara besleýär. Arkadag Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan ynsanperwer döwlet syýasaty bolsa beýik maksatlarymyzyň rowaçlygynyň berk binýadydyr.

Ak mermerli binalary bilen dünýä meşhur bolan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, ähli üstünliklerimiziň gözbaşy bolup durýan ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk taryhy seneleriniň giňden bellenjek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem umumadamzat bähbitlerine, halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen tutumlar rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini ählumumy durnukly ösüşiň hyzmatynda goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýan iri möçberli, taryhy ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakdaky işler ýokary depginlerde dowam etdirilýär.

Seýitmämmet ÝUSUBOW,
Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň müdiri.