Kanunçylyk kämilleşdirilýär

15 Mart 2021
752

Geçen hepdäniň şenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze Kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda giňişleýin ara alyp maslahatlaşmalardan soň, «Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda», «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda» Kanuny (rejelenen görnüşi), «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary biragyzdan kabul edildi.

«Aşgabat».