Adyň dillerde dessan

16 Mart 2021
946

Aşgabada — 140 ýyl! Bu taryhy sene golaýlaşdygyça, paýtagt şäherimiz günsaýyn däl, sagatsaýyn gözelleşýär. Baş şäheriň toý bezegleri edara-binalaryň öňünde, şaýollaryň ugrunda goýlan dürli şygarlar bilen utgaşyp, şanly baýramçylygyň ýakymyny buşlaýar.

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda uludan bellenilýän toý-baýramlara mynasyp zähmet sowgatly barmak halkymyzda asylly däpleriň biridir. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlaýan şowhunly çykyşlary, sahna oýunlary toý-baýramlaryň şatlygyny artdyrýar. Ady äleme dolan gözel Aşgabat şahyrlaryň şygyrlarynda, sungat ussatlarynyň aýdymlarynda wasp edilýär. Joşgunly köňüllerde täze-täze eserler, aýdymdyr sazlar döreýär. Merjen paýtagtymyzyň ady dillerde dessan bolup ýaňlanýar. Biziň saz ugruna ýöriteleşdirilen orta mekdebimizde-de şanly toýy aýdym-sazly garşylamak üçin şu günlerden ykjam taýýarlyk görülýär.

Göwher HOJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki saz ugruna ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.