Beýik işleriň öwüşgini

15 Mart 2021
908

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny, Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly dabaralar bilen toýlaýar. Milli senenamamyzda wajyp orny eýeleýän bu şanly baýramçylyklary mynasyp garşylamak üçin häzirki günlerden taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.

Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän gözel paýtagtymyz Aşgabat bu gün bagtyýar halkymyzyň buýsanjyna, Garaşsyzlyk döwrümiziň ýeten belent derejesiniň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda sanlyja ýylyň içinde ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Aşgabat ak mermer bilen örtülen desgalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Begli ABDYKADYROW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, esger.