Dünýä nusgalyk taglymat

15 Mart 2021
935

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gidýän, senagat taýdan ösen ýurt bolmaga ukyply, hemişe umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän abraýly döwlete öwrüldi. Bu barada hormatly Prezidentimiz 25-nji fewralda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda: «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan saýlap alan milli ösüş ýolunyň berkdigini we netijelidigini subut etdi. Ýurdumyz halkara derejede möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürdi. Parahatçylygy döredýän ýurt hökmünde dünýäde uly abraýa eýe bolup, uzak möhlete niýetlenen ösüş maksatlary bolan kuwwatly we sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi» diýip belledi.

Dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň öňe sürýän her bir halkara başlangyjy dünýä halklary tarapyndan gyzgyn garşylanýar we ullakan goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigini Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etmeginde hem görýäris. Parahatçylyga, asudalyga uly orun berýän eziz Diýarymyzda geçen ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan bolsa, 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Pederlerimizden miras galan parahatçylyk söýüjilik ýoly bagtyýarlygymyzyň sarsmaz binýady bolan ýurt berkararlygyny has-da pugtalandyrmakda möhüm şertleriň biridir. Diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün etmek meselesi ählumumy gün tertibinde hemişe wajyp bolupdy we häzirki wagtda hem şeýleligine galýar.

Bezirgen ALAŞOW,
Hazar şäher kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi.