Döwürlerde Garaşsyzlyk ýaňy bar

15 Mart 2021
849

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaş, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwletdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Diýarymyzyň abadanlaşdyrylan, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýan, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlary döredilýän obadyr şäherçelerini, etrap merkezlerini, şäherlerini synlanyňda geljegimiziň has ýagty boljakdygyna ynam has-da berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmeleri, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli ýokarlandyrýar.

Murad NIÝAZMETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.