"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

TURKMEN TRADITIONS OF HOSPITALITY IN MAGTYMGULY’S POETRY

Magtymguly Pyragy’s poetry is written from different points of view, particularly about Turkmen society, patriotism, moral purity, love, hospitality, bravery, courage, heroism, unity, women’s dignity, hard work, decency and other issues that still echo in our days with a clear voice and shine brightly. In his book «The Unquenchable Torch in the Crown of the Spirit», Hero Arkadag noted that the wise poet’s literary heritage is rich in the valuable ideas, the best traditions of humankind. The wise poet underlined the Turkmen traditions of hospitality in his poems. Turkmenistan – our motherland is renowned for its hospitality. Hospitality is a symbol of generosity and statehood. Magtymguly is a great thinker whose creativity founded a model school of upbringing of the younger generation in compliance with high moral standards. Hospitality is one of the most wonderful traditions and moral standards of the Turkmen people. This is fully confirmed by the proverb «Guest is greater than your father».

«MAGTYMGULY, SÖZLERIM SAZA GOŞSAŇ, UZ BOLAR»

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenip geçilmegi onuň hormatynyň dünýä çykarylyp, halkyň baýlygyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Akyl dürüniň egsilmez hazynasy bolan Magtymguly Pyragy türkmen saz sungatynyň taryhyna-da ady baky ornaşan şahyrdyr. Onuň ady, şahyrana owazy daglardan eşidilýän ýaň ýaly bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň we owazyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny belende galdyrandygy bilen häsiýetlidir. Türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde Pyragynyň goşgularyna bagyşlanan dürli žanrlardaky ululy-kiçili eserler örän kändir. Bu eserlerde heň bilen mazmun bir perdeden gopup, ikisi hem bir daragt deý örboýuna galýar. Kompozitor Aşyr Kulyýew döredijilige ilkinji gadam basan ýyllarynda  Magtymgulynyň «Depe nedir, düz nedir» diýen goşgusyna ýüzlenip, goşgy setirlerindäki gahrymançylykly häsiýeti örän göwnejaý teswirlemegi başarypdyr. Kompozitor ruhubelentlik öwüşgini dolulyga berlen eserinde ýöriş heňine mahsus käbir alamatlary peýdalanýar. Aýdymyň dowamynda aýal hem-de erkek sesleriň sazlaşykly arabaglanyşygy milli esasda ösdürilýär, eser liriki-dramatik häsiýetde ýaňlanýar.

PLACE OF TURKMEN AKHALTEKE HORSES IN WORLD ARENA

In the era of the Revival of the new epoch of the powerful state, the national activities are being conducted to promote the political, economic and cultural development of our country, build modern villages and cities and digitalize all aspects of our life. These are Ashgabat located at the foothills of the Kopetdag Mountains, the wonderful work of architectural art of the National Leader of the Turkmen people, Hero Arkadag. Arkadag City has the latest specimens of urban construction, engineering and technical development of the world. Under the leadership of our esteemed President Serdar and Hero Arkadag, world-class stadiums and sports complexes are built and put into operation throughout the country to promote healthy lifestyles. Recently, Aba Annaev International Equestrian Academy and the Equestrian Research and Production Centre in Arkadag City were opened. They are the vivid examples of  large-scale work being done in the new historical period to preserve the purity of the horse breed that is are national pride of the Turkmen people, promote equestrian sports, train specialists on an integrated and science basis, increase the number of purebred Akhalteke horses and foster love for our heavenly horses in our youth.

KITAP – PAÝHASLAR UMMANY

23-nji aprel “Bütindünýä kitap güni” Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Döwlet adam üçindir» diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet ulgamyny ösdürmek, milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmek, aň-bilim ojaklaryny yzygiderli gurmak işleri güýçli depginlerde alnyp barylýar.

MILLI PARLAMENT: ÝAŞ PARLAMENTARILER WE DEMOKRATIK ÖSÜŞLER

Häzirki döwürde hukuk gatnaşyklaryň mazmunynyň döwrebaplaşmagy we hususan-da demokratik häsiýetliligiň mahsuslygy bilen ösmegi netijesinde dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň kanunçykaryjylyk tejribesine hem oňyn täsir edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwer däplere, umumy ykrar edilen halkara ýörelgelere eýerip, demokratik ýörelgelerimiz döwrüň talabyny nazara alyp işjeňleşýär. Şeýle depgindäki demokratik däpler hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we onuň düzümini tassyklamak meselelerinde-de beýanyny tapdy. Bu maslahatda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanan deputatlarynyň aglabasynyň ýaş nesliň wekilleridigini aýratyn bellediler. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda eden çykyşynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün edilmegi babatda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geçirilmeli zerur işleriň anyk ugurlaryny beýan etdi. Maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli gymmatlyklaryny şeýle hem, täzeçillikleri çelgi edinip raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur

ÖÝÜM BAR – ÜLKÄM BAR

Türkmen halky öýüne, ojagyna keramat, mukaddeslik hökmünde garaýar, öýüni hemişe bela-beterden, gözden-dilden goramaga çalyşýar. Täze öý tutunmak maşgalanyň durmuşynda möhüm waka bolup, ol uly dabara beslenýär.Geçmişde ak öýüň süňňüni ýasamak bilen baglanyşykly birnäçe yrymlar bolupdyr. Meselem, ak öýüň süňňüni ýasaýan ussa – gerekçi hiç haçan öýüň gabsasyny ýasamandyr. Türkmen öýüniň bosagasy, söýeleri dagdan agajyndan edilipdir. Gapylary dagdan agajyndan bolan öýe göz degmeýär diýip ynanypdyrlar. Türkmenlerde jübüt sanlar gowy görlensoň, öýüň täriminiň sany hem jübüt edilipdir. Ene-mamalarymyz hem öý dulunyň ýükünde hökman iki, ýagny goşa artmak goýupdyrlar, tärimden asylýan çuwallaram jübüt bolupdyr. Häzirki wagtda-da jübüt sanlaryň ähmiýeti saklanyp galýar: türkmen toýlaryna çörek jübüt eltilýär, atgulak jübüt asylýar.

ÝURDUMYZYŇ ULAG-ÜSTAŞYR MÜMKINÇILIKLERI KUWWATLANÝAR

Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolmagy ulag ulgamyny ösdürmekde ägirt uly serişdeleriň goýberilmegine, öňdebaryjy tejribeleri ulanmak arkaly döwrebap ulag-magistral ýollaryny, köprüleri, demir ýollary we turbageçirijileri gurmak boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, sebitde ulag logistika merkeziniň kemala gelmegine esas döredýär. Bu bolsa ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň dabaraly açylmagy ähli watandaşlarymyzyň ýüreklerinde buýsanç duýgusyny döreden ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi. Diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenen awtobanlar tutuş dünýäde hem uly meşhurlyga eýedir. Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga, gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýän bu ak ýol goňşy döwletler bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem, bu ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden Kawkaza, Ýewropa, Russiýa, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döredýär.

YKBALLARA NUR PAÝLAÝAN SAHAWAT

Döwrümiziň öňe çykaran örän uly bir hakykaty bar: bu gün «Sahawatly kişi» diýeniňde ilki bilen ýadyňa Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz düşýär. Milli Liderimiz we döwlet Baştutanymyz diňe bir ildeşlerimize däl, bütin Ýer ýüzüne sahawatlylygyň belent nusgasyny görkezýär. Eziz Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bolsa bu babatda aýratyn bellenilmeli gymmatlykdyr. Şu baharda üç ýaşyny dolduran gazna ýüreklere eýýäm asyrlara ýeterlik ýakym paýlady. Dogry, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu gazna döredilende onuň telim-telim ykballary gülletjekdigine tüýs ýürekden ynanypdyk. Ýöne bu gülleýişiň şeýle beýik derejesini göz öňüne getirip hem bilmändik. Gahryman Arkadagymyz bu gaznanyň, sözüň doly manysynda, gudrat döredip biljek güýje eýedigini bütin dünýä subut etdi. Adamzat jemgyýetçiligi bu hakykata üstümizdäki ýylda-da telim ýola şaýat boldy.

IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY

7-nji aprel - Bütindünýä saglyk güni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurt abadançylygyny berkarar etmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Halkyň saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

ARKADAGLY ÝAŞLAR– USSAT TÜRGENLER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň bitirýän işleri bu gün bütin jahana äşgär. Olar sportda-da, ylymda-da, dürli hünärlere ussatlyk bilen erk etmekde-de Ýer ýüzündäki deň-duşlaryna görelde görkezýärler. Hut şu aýyň dowamynda ak şäherimiz Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ýurdumyzyň şanyna şan goşan täze üstünliklerine beslendi. Bu ýaryşyň duşuşyklaryna köpimiz paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumyna baryp, köpimiz bolsa «mawy ýaýlym» arkaly tomaşa edendiris. Ýaryşda ýurdumyza wekilçilik eden «Galkan» hokkeý toparyna toplumdan ýa-da öýden janköýerlik etmegimiziň parhy ýok, esasy zat, bir hepdäniň dowamynda dine paýtagtymyz däl, tutuş ýurdumyz hokkeý sportunyň jadysyna beslendi.

Toýlar toýa ulaşdy bedewleriň şanyna

Halkymyzyň behişdi bedewlerine goýýan hormat-sarpasynyň örän uludygyna we egsilmezdigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dünýä ýaň salan dabaralarynyň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. Şol dabaralara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy bolsa olary taryhy ähmiýete eýe etdi. 27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirilip, olara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet derejesindäki aladanyň aýdyň nyşany

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-njy aprelde Arkadag şäherine amala aşyran iş sapary ýurdumyzda atçylyk pudagyny hem-de türkmen sportuny, şol sanda futboly ösdürmekligiň elmydama döwlet derejesinde üns merkezinde durýandygynyň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp şäherdäki döwrebap ahalteke atçylyk athanasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de köpugurly stadionda Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen myhman bilen geçiren duşuşygynda ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler barada pikir alşyldy.

Belent işlere ruhlandyrýan kitap

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakasy bolup, bagtyýar halkymyzda egsilmez hoşallyk duýgularyny döretdi. Bu ajaýyp eseriň şöhratly taryhymyza, müňýyllyklardan gözbaş alyp, häzirki günlere gelip ýeten milli medeniýetimize bolan söýgi-buýsanjyň artmagynda hem ähmiýeti örän ýokarydyr. Üç dilde neşir edilen täze kitabyň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplary hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar – Bagabat – Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümleri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Änew şäheriniň taryhy, onuň medeniýetiniň aýratynlyklary, bu medeniýetiň dünýäde ykrar edilmegine ägirt uly goşant goşan adamlaryň alyp baran işleri barada köp sanly gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Änewiň diňe bir şöhratly geçmişi däl-de, şanly şu güni hakynda hem gürrüň edilýän ajaýyp kitapda ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada hem çu

Türkmeniň uçar ganaty

Ahalteke bedewleri gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň uçar ganaty, syrdaşy, kyn gününde wepaly ýoldaşy hasaplanyp gelýär. Türkmen halky taryhyň çylşyrymly wakalaryna, ýowuz öwrümlerine garamazdan, dünýäniň dürli ýurtlarynyň ussat hünärmenlerini haýran galdyrýan milli atşynaslyk medeniýetini gymmatly baýlyk hökmünde mynasyp derejede gorap saklamagy başarypdyr. Köp sanly taryhy maglumatlar atşynaslyk medeniýetiniň gadymy mekanynyň Merkezi Aziýa, ilkinji nobatda, Türkmenistandygyny tassyklaýar. Türkmen bedewleri gadymy çeşmelerde «behişdi», «asman», «asylly», «adaty bolmadyk» diýlip sypatlandyrylýar. Bularyň ählisi milli seýisçilik sungatynyň gelip çykyşynyň, taryhy ösüş ýolunyň örän gyzyklydygyny tassyklamak bilen, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan türkmen bedewleriniň şöhratyny äleme ýaýýar.

Dost­luk köp­rü­si

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda erkekler woleýbol klub toparlarynyň arasynda guralan ýurdumyzyň çempionatynyň ýokary ligasynyň duşuşyklary birnäçe tapgyrdan ybarat boldy. Oňa woleýbol toparlarynyň 10-sy gatnaşyp, birinji tapgyr 2023-nji ýylyň oktýabrynda, ikinji tapgyr 2024-nji ýylyň ýanwarynda, üçünji tapgyr fewralda, dördünji tapgyr bolsa aprelde geçirildi. Bu ýaryşa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Gala», Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär», Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň «Kerwen», Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sporty», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» woleýbol toparlary gatnaşdylar.

Welaýatlardan habarlar

Aprel aýy Diýarymyzyň sportdaky mümkinçilikleriniň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Aşgabat şäherinde geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýurdumyzyň «Galkan» toparynyň gazanan üstünligi bu hakykatyň subutnamasy boldy. Türkmen toparynyň üstünligi ählimiziň buýsanjymyzy goşalandyrdy. Aýyň ilkinji ongünlüginde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişler bolsa aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şol günler biziň welaýatymyzda hem ähmiýetli çäreleriň birnäçesi guralyp, şolara Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary hem işjeň gatnaşdylar. Olar sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmaga döredilen giň şert-mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ýeňiş baýramyna bagyşlanan sergi

Şu günler türkmen halky 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyny giňden belleýär. Welaýatymyzda-da baýramçylyk mynasybetli toý-dabaralara giň gerim berilýär. Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde şanly senäni has-da dabaralandyrmak maksady bilen «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna il sylagly ýaşulular, muzeý işgärleri, harby gullukçylar, talyplar, ýaş nesliň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler faşizme garşy söweşlerde türkmenistanly gerçekleriň görkezen edermenlikleri, tyldakylaryň çeken janypkeşlikli zähmeti dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Olar asuda, parahat durmuşyň gadyryny bilip, ulus-ilimiziň ähli ugurlardaky ösüşlerine saldamly goşant goşmagy ýaşlara ündediler. Şonuň ýaly-da çykyşlarda halkymyzyň azatlygy, erkinligi ugrunda şirin janlaryny gaýgyrman, mertlerçe söweşen uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere goýýan belent hormat-sarpasy, olara döredip berýän ýeňillikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Binalar görk goşýar ajap keşbine

Gurmagy we döretmegi täze taryhy eýýamyň esasy şygaryna öwren hormatly Prezidentimiz halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär» diýip belledi. Şäherlerimiziň, obalarymyzyň keşbiniň dowamly özgerdilmegi halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň üpjün edilýändigini alamatlandyrýar. Aşgabadyň gurluşyklarynda milli binagärlik ýörelgeleri häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyrylýar. Binagärlik sazlaşygyndan dörän paýtagtymyz dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde häzirki wagtda ençeme desgalaryň, binalaryň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Olaryň sanawynda çägi barha giňeýän «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynyň binalary-da bar. Ähli amatlyklary bolan köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, umumybilim berýän orta mekdeplerdir çagalar baglary hem gurulýar. Olary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary «Aga gurluşyk»

Ýurdumyzyň welaýaylarynda

AHAL Teatryň döredijilik sowgady

Watana wepalylyk: mertebä ýetiren menziller

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda ynsany belentliklere ýetirýän özboluşly kämillik basgançaklaryndan söz açyp, il bähbidini özüniňkiden ýokary goýup bilýän kişileri iň kämil häsiýetleri özünde jemleýän iňňän gerekli, mertebeli adamlar hökmünde häsiýetlendirýär. «Jemgyýetiň öňe ilerlemegi üçin derwaýys görülýän bu häsiýetleriň arasynda ukyp-zehinlilikden we işeňňirlikden daşary, guramaçylyk, iş dolandyryjylyk, ýolbaşçylyk ýaly häsiýetler hem bolmalydyr» diýen jümleleri okap oturyşyma, kitabyň gahryman zenanlarymyz hakynda gürrüň berýän sahypalaryna gaýtadan göz gezdirenimi duýman galdym. Olar Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň ömür ýoly baradaky söhbetlerde-de ýolgörkeziji çelgi edinip boljak jaýdar jümleler ahyryn... Suratkeşlikde adamyň portretini çekmegiň iň kyn usuldygyny aýdýarlar. Žurnalistikada-da belli bir adamyň geçen ýolundan söhbet açyp, sözler bilen onuň portretini çekmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Biziň gürrüňini edýän gahrymanymyz bolsa örän köptaraplaýyn şahsyýet. Mugallym, guramaçy-partiýa işgäri, diplomat, alym, mährem ene... Maşgalada alan asylly terbiýesi, zähmetsöýerligi, halallygy, başyna baran işine durky-düýrmegi bilen berilmegi haýsy kärde zähmet çekende-de, nirede bolanda-da oňa hemişe uly abraý getirdi. Ömrüniň çärýek asyryny bagyşlan diplomatik wezipesinde, häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmen