MILLI PARLAMENT: ÝAŞ PARLAMENTARILER WE DEMOKRATIK ÖSÜŞLER

3 Maý 2024
184

Häzirki döwürde hukuk gatnaşyklaryň mazmunynyň döwrebaplaşmagy we hususan-da demokratik häsiýetliligiň mahsuslygy bilen ösmegi netijesinde dünýä döwletleriniň, şol sanda Türkmenistanyň kanunçykaryjylyk tejribesine hem oňyn täsir edýär. Ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwer däplere, umumy ykrar edilen halkara ýörelgelere eýerip, demokratik ýörelgelerimiz döwrüň talabyny nazara alyp işjeňleşýär. Şeýle depgindäki demokratik däpler hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we onuň düzümini tassyklamak meselelerinde-de beýanyny tapdy. Bu maslahatda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Mejlisiniň saýlanan deputatlarynyň aglabasynyň ýaş nesliň wekilleridigini aýratyn bellediler. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda eden çykyşynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün edilmegi babatda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan geçirilmeli zerur işleriň anyk ugurlaryny beýan etdi.

Maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň milli gymmatlyklaryny şeýle hem, täzeçillikleri çelgi edinip raýat-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, häzirki döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze rejelenen görnüşini taýýarlamak, Halkara Zähmet Guramasynyň esasy kadalaşdyryjy namalaryndan gelip çykýan düzgünleri Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna ornaşdyrmak, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kodekslere üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işleriň amala aşyrylmagynyň zerurlygyna ähmiýet berdi.

Merjen BORJAKOWA
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.